Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin biometrik maglumatly pasporty 2008-nji ýylyň 10-njy iýulyndan ulanyşa girizildi;
Türkmenistanyň raýatynyň pasporty 2013-nji ýylyň 10-njy iýulyna çenli Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin öz güýjüni saklan;
1. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty Türkmenistanyň raýatyna Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin hukuk berýän hem-de daşary ýurtlarda bolanda onuň şahsyýetine güwä geçýän resminama bolup durýar;
2. Pasport Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýar hem-de dünýäniň ähli döwletlerine gitmek üçin hakykydyr. Pasport türkmen we iňlis dillerinde ýasalýar;
3. Türkmenistanyň raýaty pasportyny ýitiren halatynda Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin şahsyýetini tassyklaýan resminamasy Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resminama bolup durýar, ol Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleri ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan berilýär;
4. Türkmenistanyň raýatlary pasport almak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutýarlar. Pasportyň möhletini uzaltmak üçin, pasportyň möhletiniň gutarýan senesi 6 (alty) aýyň içine gireninden soň ýüz tutulup biliner;
5. Pasport resmileşdirmek üçin raýatyň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde şahsy arzasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kabul edilýär. Raýatyň pasportyny resmileşdirmek üçin resminamalarynyň kabul edilen güni diýlip onuň elektron suratynyň we biometriki maglumatlarynyň alnan güni hasap edilýär;
Kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlara pasportlar olaryň ata-eneleriniň biriniň ýa-da beýleki kanuny wekiliniň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde arzasy esasynda resmileşdirilýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň ýazmaça görnüşinde arzalary kabul edilende we pasportlary berlende olaryň gatnaşmagy hökmandyr;
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda 16 ýaşa ýetmedik çagalar, weteranlar, şeýle hem ähli topardaky maýyp adamlar döwlet pajyny tölemekden ýa-da konsullyk ýygymlardan boşadylýar;
6. Pasport 5 (bäş) ýyla çenli möhlete resmileşdirilýär;
Pasport eýesiniň hut özüne ýa-da onuň kanuny wekiline arza berijiniň şahsyýetine güwä geçýän resmi namalary görkezmegi boýunça gol çekdirilip berilýär;
7. Eger Türkmenistandan gitmek şol gidýän raýatyň saglygynyň gyssagly bejerilmegi ýa bolsa Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan ýakyn garyndaşynyň agyr kesellemegi ýa-da aradan çykmagy, ýa beýleki gaýragoýulmasyz ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolsa, pasporty resmileşdirmek baradaky arza üç iş gününden giç bolmadyk möhletde garalýar;
8. Pasportlar şu halatlarda çalşyrylýar;
• hereket ediş möhleti tamamlananda;
• şahsy maglumatlary üýtgände;
• ýazgylarda nätakyklyk ýüze çykarylanda;
• ulanmaga ýaramsyz bolanda;
• wizalar we bellikler üçin göz öňünde tutulan sahypalar tamamlanda;
• raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da başga ýagdaýlara görä onuň barmak yzlary, ýüz keşbi üýtgände;
Zerur bolan halatlarda pasportlar möhleti tamamlanmazdan öň hem çalşylyp bilner;
9. Pasport şu halatlarda ýatyrylýar;
• pasport çalşyrylanda;
• Türkmenistanyň raýatlygy bes edilende;
• pasportyň eýesi aradan çykanda;
• tehniki näsazlyk, maglumatlarda nätakyk, raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da başga ýagdaýlara görä barmak yzlarynyň, ýüz keşbiniň üýtgemegi bilen pasporty raýata berip bolmadyk halatynda;
Raýatyň pasporty çalşyrylanda onuň sahypalary deşilip, birinji sahypasyna “Ýatyryldy/Cancelled” möhürçesi basylyp eýesine gaýtarylyp berilýär;
Bellik: Tapylan pasportlar Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasyna (Ankara ş.) ýa-da Baş konsullygyna (Stambul ş.) tabşyrylmaga degişlidir.