TÜRKMENISTAN AZIADA-2017-ä GARAŞÝAR

TÜRKMENISTAN AZIADA-2017-ä GARAŞÝAR

Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe güýçli depginler bilen özgerýän Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Türkmen halky bol-elin durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bimöçber tagallalarynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde sport desgalary we mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Bu bolsa biziň halkymyzy, hususan-da ösüp gelýän ýaş neslimizi beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetler bolmak ugrunda sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar. Türkmenistan döwletimiziň halkara arenasyndaky sport abraýy barha artýar. 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek ägirt uly sport çäresi bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Kuweýtiň paýtagty El-Kuweýtde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň arasynda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda” iki taraplaýyn şertnama gol çekildi. 2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň düýbi tutuldy.

Sebitde iri Olimpiýa şäherjigi 157 gektar meýdanda ýerleşer. Bu Olimpiýa şäherjigi 30-dan gowrak dürli desgany, şol sanda ýaşaýyş-durmuş, ulag we beýleki üpjünçilik ulgamlaryny öz içine alýar. Täze guruljak desgalaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna barabardyr . Bu şäherjigiň gurluşygy üç tapgyrda amala aşyrylar. Şeýlelikde 2014-nji ýylda Olimpiýa şäherjiginiň birinji tapgyrynyň, 2015-nji ýylyň dekabrynda bolsa ikinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetini döretmek hakynda Karara gol çekdi. 

2014-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna birinji gezek Okeaniýa ýurtlarynyň gatnaşmagy barada degişli resminama gol çekildi. Gol çekişlik dabarasynda Hormatly Prezidentimiziň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Sport meýilnamasyna ozal ylalaşylan 19 sany sport görnüşine goşmaça Türkmen milli göreşi bilen Atly sportyň päsgelçiliklerden bökmek görnüşini (Konkur) goşmagy teklip etdi. Hormatly Prezidentimiziň beren teklibi Aziýa Olimpiýa Geňeşi tarapyndan makullanyldy we bilelikde tassyklanyldy. 

“Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýyly diýlip yglan edilen 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu oýunlaryň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli guraljak dabaraly atly ýörişe ak pata berildi. Bu atly ýöriş ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny gurşap alar. Bu sport oýunlarynyň şygary hökmünde “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” diýen sözlerden ugur alyp “Sagdynlyk, Ruhubelentlik, Dostluk” şygary saýlandy. Bu şygar Türkmen halkymyzyň gündelik durmuşynda ähmiýetli oruna eýedir. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistan döwletimiziň halkara sport abraýynyň has-da belende göterilmeginiň we ýaş nesillerimizi sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrmagyň kepili boljakdygyny ynam bilen aýtmak bolar. 

AZIÝA OÝUNLARY MYNASYBETLI GEÇIRILÝÄN ATLY ÝÖRIŞ LEBAP WELAÝATYNA BARDY

Mundan laýyk 250 gün ozal, 2016-njy 5-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýanynda Aziada-2017 mynasybetli ýyndam hem-de owadan ahalteke bedewine atlanan 17 çapyksuwaryň gatnaşmagyndaky atly ýörişe badalga berdi. 500 günüň dowamynda atly ýöriş ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan geçer hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylýan güni Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde jemleýji pellehanasyna ýeter.

Ine, atly ýöriş öz ýolunyň gylla ýaryny geçip, Ahal, Balkan we Daşoguz sebitleriniň obadyr şäherlerini aýlanyp, Lebap welaýatyna geldi. Bu wakanyň öňüsyrasynda Gazojak şäheriniň häkimliginde atly ýörişiň geçen ýoly mynasybetli maslahat geçirildi. Ýygnananlar Aşgabatda yklym derejesindäki iri sport ýaryşyny – Aziada-2017-ni geçirmek başlangyjyny öňe süren döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň çäklerini alamatlandyrýan baýramçylyk görnüşinde bezelen derwezäniň öňünde lebaplylar bu taryhy ýörişe gatnaşýan 17 çapyksuwary uly şatlyk bilen dabaraly garşylady. Bu ýatdan çykmajak waka mynasybetli Gazojak şäherinden 25 kilometrlikdäki giň meýdançada arzyly myhmanlar üçin baýramçylyk bezegine beslenen medeni - sport desgalary we hatar gurap oturan türkmen ak öýleri guruldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 250 gün galmagy mynasybetli Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ilatyna ýurdumyzyň ähli halkyna iberen Gutlagy baýramçylyk dabaralarynyň aýratyn täsirli pursady boldy.

Atlylar 250 günüň dowamynda welaýatlaryň serhetlerinde estafetany geçirip, ýol ugrunda 30-dan gowrak desga baryp gördüler. Şu döwürde ahalteke bedewlerine atlanan ýigitler Gökdepe etrabynyň Babarap obasyna, gadymy Paryzdepe ýadygärligine, Merkezi Garagumdaky Derweze obasyna, Içoguz demir ýol bekedine we Ahal welaýatynyň başga-da birnnäçe ajaýyp ýerlerine baryp gördüler.

 Şeýlelikde, Türkmenistanyň gündogar welaýaty Aziada-2017 mynasybetli geçirilýän atly ýörişi kabul etdi. 100 günüň dowamynda atlylar Amyderýa jülgesiniň şäherlerinde hem-de obalarynda bolar, Daýahatyn kerwensaraýyna, Astanababa, Alamberdar aramgählerine, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň bilim alan Idrisbaba medresesine, Amul galasyna hem-de “Repetek”, “Amyderýa” döwlet goraghanalaryna baryp görerler. Olar Köýtendag gerişlerindäki dinozawrlaryň tekizligine hem-de beýleki taryhy-medeni ýadygärliklerine aýlanyp, Amyderýa boýunça gämili gezelenç ederler.

ALABAÝ - ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ RESMI KEŞBI

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi we tumary milli amaly – haşam sungatynyň däp bolan bezeg nyşanlarynyň äheňinde döredildi, emma ol häzirkizaman bezeg görnüşinde täzeçe işlenildi. Hususan-da, Oýunlaryň nyşanlarynda türkmen halysynyň belli nagyşlary, gölleri, milli lybaslaryň keşdeleri öz beýanyny tapdy.

Hemmeleriň eý görýän alabaý iti Oýunlaryň resmi keşbini alamatlandyrar. Dostluga wepaly itleriň bu tohumynyň aýratynlyklary (gulaklary we guýrugy kesilen) milli lybasda ýa-da sport lybasynda şekillendirilendir.

Aziadanyň bezegli keşbinde häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gada urýan Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, halkymyzyň däp-dessurlary jemlendi. Bu ýerde Beýik Ýüpek ýoly boýunça türkmen sährasyndan geçip barýan söwda kerwenini, ak öýleriň, gadymy milli binagärlik ýadygärliklerini, häzirkizaman binalaryň şekillerini, pälwanlaryň, eli dutarly bagşylaryň, alabaýyň we ahalteke bedewiniň şekillerini görmek bolýar. Birnäçe bezeg bölümlerinde türkmen gawunlary, halylar we zergärçilik eserleri görünýär.

Oýunlaryň resmi keşbiniň reňkleri öz görnüşi boýunça tumary ýatladýar. Onuň reňkleri, gurluşynyň sazlaşygy şekilde geçmişden geljege bolan ösüşi alamatlandyrýar. Laçynyň açylan ganatlarynda güýç-kuwwat janlanýar. Ol keşbiň tutuş şekilinde duýulýar