Türkmenistanda 2017 “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýyly”

Türkmenistanda 2017 “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýyly”

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly - beýik maksatlara tarap

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly - beýik maksatlara tarap Türkmenistan 2016-njy ýylyň aýagyna durmuş-ykdysady ösüşiniň oňat görkezijileri, tutuş sebit üçin ähmiýeti uly bolan iri taslamalary üstünlikli amala aşyrmak bilen gelip, ertirki gününe ynamly garaýar hem-de täze, 2017-nji ýyly giň gerim bilen garşylap, Garaşsyz Bitarap döwletiň şanly ýylýazgysynda nobatdaky sahypany açýar.

2017-nji ýyl ýurdumyz üçin şanly ýyl bolar, ozaly bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler, olara taýýarlyk görmek güýçli depginde dowam edýär. Ýurdumyzda saýlawlaryň öňýnyndaky möwsüm dowam edýär, onuň barşynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň dokuzysy bellige alyndy, şu günler olar milli telewideniýe boýunça we merkezi metbugatda maksatnamalary bilen çykyş edýärler. Ýakyn wagtda saýlawçylar bilen duşuşyklar başlanar. 12-nji fewralda bolsa her bir türkmenistanly geljegiň öňünde ähli jogapkärçiligi bilen öz erk- islegini beýan edip, eziz Watanymyzyň we tutuş halkyň geljekki ykbaly üçin umyt baglaýan adamy üçin öz sesini berer.

Ýene bir möhüm waka – ýurdumyz üçin adaty bolmadyk waka bolup, ol ylalaşdyryjy döwlet hökmünde onuň halkara ornuny giňeltmäge, Türkmenistanyň sport abraýyny artdyrmaga hem-de ilatyň saglygyny berkitmek boýunça hemmetaraplaýyn işe uzakmöhletleýin itergi bermäge gönükdirilendir. Ol Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary boup, olar sentýabr aýynda Aşgabatda gurulýan hem-de Orta Aziýada deňi-taýy bolmadyk Oilmpiýa şäherjiginde geçiriler. Oýunlar öz tapgyrynda giň gerime eýe bolup, dünýä ýurtlarynyň 62-sinden, şol sanda Okeaniýadan türgenleriň 5 müňden gowragyny bir ýere jemlär, munuň özi Aziadanyň taryhynda deňi-taýy bolmadyk wakadyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda boljak uly wakalary nazara almak bilen, ony “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýen şygar astynda geçirmegi teklip etdi. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan, ýyly ol ýa beýleki jemgyýetçilik – ähmiýetli mowzuga bagyşlamak barada esasyny goýan ajaýyp däbi dowamyna eýe bolup, ýurdumyzyň häzirki ösüşini we rowaçlygyny, halkymyzyň abadançylygyny, her bir adamyň mümkinçilikleriniň açylmagyny göz öňüne getirip bolmaýan esasy durmuş gymmatlyklarynyň many- mazmunyny özünde jemledi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ölçegleriniň derejesine çykaran döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk düşünjesi- bu diňe keselleriň öňüni almagy däl-de, eýsem durmuş howpsuzlygyny, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmagy, sportuň, sagdyn iýmitlenmegiň ösdürilmegini, maşgalada çagany terbiýelemek we bilim bermek meselelerini, eneligi hem-de çagalygy goldamak, demografiýa, ekologiýa, ýaşaýyş-durmuş şertlerini, hukuk goraglylygyny we beýlekileri öz içine alýar.

2017-nji ýylyň şygarynda iki düşünje – sagdynlyk we ruhubelentlik sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi kanunalaýyklykdyr: sagdyn adam ägirt uly meýilnamalary düzmek bilen çäklenmän, eýsem, olary amala aşyrmak höwesine hem eýe bolýar. Sagdyn jemgyýet – bu ruhubelent we maksada okgunly adamlaryň jemgyýeti bolup, olar umumymilli maksatlaryň daşynda jebisleşýär, ol ýurtda durnukly durmuş-syýasy ýagdaý hem-de durnukly ösüş, raýat we demokratik kämilligi bolup durýar. Şeýle jemgyýet özboluşlylygyny saklap, däp-dessurlaryna, gymmatlyklaryna ygrarlylygyny saklaýar hem-de oňyn özgertmelere açyk bolan öňdebaryjy täzelikleri höwes bilen kabul edýär.

Ruhubelentlik – bu “uçgunjyk” bolup, ol islendik işe, zähmete, maksada paýhasyň,   erk - islegiň we döredijilik ylhamyň gujur-gaýratyny çaýýar. Garaşylyşy ýaly, ýylyň maksatnamasyna sagdynlyk, işjeň durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagy, köpçülikleýin bedenterbiýe – sport hereketini wagyz etmegi, milletiň medeni we ruhy maýasyny artdyrmagy ugur edinýän çäreler girer.

Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durmuş ähmiýetli taslamalary, şol sanda çagalary sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek, raýatlygy we watançylygy terbiýelemek, ösüp gelýän nesli ruhy-ahlak taýdan ösdürmek boýunça taslamalary goldamak ýaly wezipeler bar.