Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Aziada-2017-niň nyşany ýurdumyzyň iň belent nokadynda!

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Aziada-2017-niň nyşany ýurdumyzyň iň belent nokadynda!

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi hem-de V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guralan “Dagyň depesine çykmak” taslamasy özüniň maksadyna ýetdi: eziz Watanymyzyň baýdagy hem-de Aziada-2017-niň nyşany ýurdumyzyň iň belent nokadyna – Aýrybaba gerişine galdyryldy.

Sport –watançylyk çäresine gatnaşyjylar üçin bu pursat örän tolgundyryjy boldy. Deňiz derejesinden 3139 metr belentlik hakykatdan hem haýran galdyrýar!

Şondan ýokarda diňe asman bar, aşakda bolsa ümre gaplanyp duran garly gerişler zordan görünýär. Güýçli şemal bulutlary aňsatlyk bilen ýerinden gozgaýar, ellerinde milli baýdagy hem-de Aşgabatda geçiriljek Oýunlaryň şekili beýan edilen baýdagy berk saklap duran daga dyrmaşyjylary ýykmaga synanyşýar. Dagyň iň belent nokadynda ýaýbaňlandyrylan baýdaklar açyk deňze – täze sepgitlere, açyşlara hem-de beýik maksatlara tarap ýüzüşe ugran gäminiň ýokarsyndaky ýelkenler kimin pasyrdaýar...

Hut şu pursatlarda paýtagtymyzda ähli halk tarapyndan saýlanan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipesine girişmek dabarasy geçip durdy. Döwlet Baştutanymyz wezipesine girişip, kasamy aýdan mahaly, Watanymyzyň tugy ýurdumyzyň iň beýik tebigy “baýdak sütüninde” – Aýrybaba gerşinde parlaýardy. Onuň bilen birlikde, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda okgunly ösýän Watanymyzyň keşbi hökmünde ahalteke bedewi – Aziada-2017-niň şekili belende galdyryldy.

Türkmenistanyň we öňümizdäki Oýunlaryň bu nyşanlary ekspedisiýanyň agzalary bilen bilelikde garyň, ümrüň we şemalyň içi bilen ýeňil bolmadyk ýoly geçdi. Çärä gatnaşyjylara, olaryň hatarynda TDH-niň habarçysyna mundan ozal hem Aýrybaba gerşinde bolup görmek miýesser edipdi, ýöne şu gezekki daga çykmak çäresi aýratyn, ýatdan çykmajak häsiýete eýe boldy. Munuň özi, ilkinji nobatda, ekspedisiýanyň Döwlet baýdagynyň gününe, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna, ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda täze tapgyryň başlanmagyna bagyşlanan wezipesi bilen baglanyşykly boldy.

Taslamanyň pikiri, many-mazmuny ruhy we beden taýdan sagdynlygyň başlangyçlaryny, sport güýç-kuwwatyny hem-de raýatlyk borjy, erk-islegi we joşgun-zehini, maksatlaryň batyrgaýlygyny we öňde goýlan maksada ýetmekde tutanýerliligi birleşdirýär. Özüniň şu maksady bilen bu çäre işjeň, sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýe hereketini hem-de dünýäniň 62 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek geçiriljek şeýle iri ýaryşlary giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.