ÝEŞILKÖÝ 2001 KOLLEJINDE NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLI MEDENI ÇÄRE GEÇIRILDI

ÝEŞILKÖÝ 2001 KOLLEJINDE NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLI MEDENI ÇÄRE GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 30-njy martynda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygynyň (Stambul ş.) hem-de Ýeşilköý 2001 kollejiniň müdirliginiň bilelikde gurnamagynda, kollejiň dabaralar zalynda Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu medeni çärä, kollejiň mugallymlary, kollejde bilim alýan okuwçylar, okuwçylaryň ene-atalary hem-de Türkiýe Respublikasynda bilim alýan Türkmenistanly talyplar gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresi Türkmenistan döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, Türkmen medeniýeti hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen tanyşdyrýan wideo görnüşleriň görkezilmegi bilen başlandy. Dabara gatnaşýan myhmanlar we okuwçylar wideo görnüşlere gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Dabaranyň dowamynda, Türkmen talyplary hem-de kollejiň mugallymlary tarapyndan bilelikde sahnalaşdyrylan dürli oýunlar, aýdym-sazly çykyşlar hem-de talyplarymyz tarapyndan Türkmen milli küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Türkmen talyplarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren küştdepdi tansyna gatnaşyjylaryň ählisi şowhunly el çarpyşmalar bilen tomaşa etdiler. Çärede çykyş eden kollejiň mugallymlarynyň hem Türkmen milli geýimlerinde çykyş etdiler. Şowhunly çykyşlaryň dowamynda, dabarada çykyş eden mugallymlar hem-de Türkmen talyplary bilelikde ýadygärlik suratlara düşdiler.

Şeýle hem, baýramçylyk dabarasynyň geçirilen ýerinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen tanyşdyrýan sergi guraldy. Sergide Aziada-2017-ni mahabatlandyrýan görkezme esbaplary hem-de Oýunlaryň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjigi bilen tanyşdyrýan wideo görnüşler gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Sergi bilen tanyşmaga gelen myhmanlara we okuwçylara, milli lybaslarymyzy geýnen talyplarymyz tarapyndan Türkmen milli tagamlary hödür edildi. Talyplarymyzyň dabarada ýerine ýetiren çykyşlaryna bolan hoşallyklarynyň alamaty hökmünde, mekdebiň müdiriýeti tarapyndan talyplarymyza gül desseleri gowşuryldy. Örän joşgunly geçen dabaraly baýramçylyk çäresiniň soňunda, çärä gatnaşyjylar, Türkmen talyplary hem-de mekdebiň mugallymlary we okuwçylary Baş konsullygyň gurnan sergisinde ýadygärlik suratlara düşdüler.

Gyzykly sahna çykyşlary hem-de Türkmen milli küştdepdi tansy bilen tapawutlanan çäräniň ahyrynda, Türkmen talyplary özleri üçin atalyk aladasyny edýän hem-de ýaş neslimiziň öz saýlap alan hünärleri boýunça bilim alyp, ýurdumyza gerekli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkünçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman we il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.