AZIADA-2017 OÝUNLARYNA 150 GÜN GALMAGY MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI

AZIADA-2017 OÝUNLARYNA 150 GÜN GALMAGY MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 20-nji aprelinde, “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýyly” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 150 gün galmagy mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan, “Ata Watan Türkmenistan” žurnalynyň gatnaşmagynda dabaraly medeni we sport çäresi geçirildi. Ýurdumyzda geçiriljek ägirt uly sport çäresi bolan Aziada-2017-ni mahabatlandyrmak we döwletimiziň halkara sport arenasynda gazanýan ajaýyp üstünliklerini wagyz etmek maksady bilen Baş konsullygymyzda geçirilen bu çärä, Stambul şäherinde ýerleşýän Stambul, Mimar Sinan, Marmara, Ýyldyz tehnik, Stambul tehniki, Stambul Aýdyn we Bahçeşehir uniwersitetlerinde bilim alýan Türkmen we daşary ýurtly talyplar gatnaşdylar.

Dabaraly çäräniň dowamynda, ýurdumyzda geçiriljek bu oýunlaryň raýatlarymyzy, aýratyn-da ýaş neslimizi sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanmaga höweslendirmekdäki ähmiýeti hem-de Türkmenistan döwletiniň sebitde we halkara derejesindäki nusgalyk abraýyna goşjak goşandy barada gürrüň edildi. Bu oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherjiginiň sebitde deňi-taýy bolmadyk özboluşly binagärlik eseri bolup durýandygy hem-de oýunlaryň tumarynyň we nyşanlarynyň taýýarlanmagynda türkmen milli gymmatlyklarynyň giňden peýdalanmagynyň, baý medeniýetimize goýulýan belent sarpany alamatlandyrýandygy aýdyldy.

Medeni-sport çäresiniň dowamynda, dabara gatnaşýan türkmen talyplary öz aralarynda sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça oýunlar geçirdiler. Dabara gelen gatnaşyjylara Aziada-2017 oýunlarynyň nyşanlary bilen bezelen köýnekçeler gowşuryldy.

Şeýle hem, joşgunly we gyzgalaňly häsiýete eýe bolan bu çäräniň dowamynda, dabara gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary we türkmen palawy hödür edildi.