Kyrklareli uniwersitetinde duşuşyk geçirildi

Kyrklareli uniwersitetinde duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan,  2017-nji ýylyň 22-nji maýynda, Kyrklareli welaýatynda ýerleşýän Kyrklareli uniwersitetinde bilim alýan Türkmenistanly talyplar we uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Ilki bilen, Kyrklareli uniwersitiniň rektory Bülent Şengörür hem-de uniwersitetiň Edebiýat fakultetiniň Türki dilleriň döwrebap  şiweleri we edebiýatlary bölüminiň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Uniwersitetiň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda dürli pudaklarda, aýratyn-da bilim pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada gürrüň edildi. Duşuşygyň ahyrynda, uniwersitetiň rektoryna Hormatly Prezidentimiziň “Ganatly bedewler” atly kitaby sowgat berildi.

Uniwersitetiň ýolbaşçylary we mugallymlary bilen geçirilen duşuşyklardan soňra, talyplarymyz bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanly talyplaryň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş we okuw şertlerini ýerinde öwrenmek hem-de Hormatly Prezidentimiz    Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda, ýaş neslimiziň ýurdumyza gerekli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin alnyp barylýan giň gerimli işleri wagyz etmek maksady bilen guralan bu duşuşyk, uniwersitetiň Ykdysadyýet we dolandyryş bilimleri fakultetiniň maslahatlar zalynda geçirildi. Duşuşygyň barşynda, Berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, bilim pudagynda durmuşa geçirilýän ajaýyp özgertmeler, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyna gönükdirilen giň gerimli işler hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barada giňişleýin gürrüň edildi. Türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesindäki hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň ýaş neslimize bildirýän ynamyny ödemek ugrunda, talyplarymyzyň başarnyklaryny gaýgyrman, kärine ussat hünärmenler bolup ýetişmek üçin yhlas bilen okamalydyklary barada wagyz-nesihat işleri geçirildi.