Ahalteke atlary biziň buýsanjymyzdyr

Ahalteke atlary biziň buýsanjymyzdyr

Goja taryhyň altyn sahypalarynda şeýle setirler yz galdyrypdyr: “Marydan Serdar şäherine çenli uzalyp gidýän klimat taýdan iň amatly sebitde ýerleşen giňişleýin oazis ahalteke bedewleriniň watanydyr.” Ýa-da bolmasa şeýle jümlelere gabat gelmek bolýar: “Gadym zamanda köp sanly syýahatçylar, taryhçylar Nusaý sebitindäki tohum atlarynyň iň oňat hem-de örän gymmatly hasaplanýandygyny jümle-jahana jar edipdirler. Bu owadan atlary Nusaý düzlüginde ýaşaýan ýerli halk ýetişdirýär... Şonuň üçin hem dünýäniň dört künjeginde ýaşaýan her bir adam gadymy Nusaý bedewini edinmegi arzuw edipdir.”

Bu sözlerden Türkmen atyna dünýäniň ýüzüniň çyn ýürekden aşykdygyna anyk göz ýetirmek bolýar. Türkmen atynyň at-abraýy, şan-şöhraty Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe iň belent derejelere ýetdi.

2011-nji ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň I maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow 2010-njy ýylyň awgust aýynda merkezi Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bilen, ahalteke atçylygyny ösdürmegiň taryhynda täze döwrüň başlanandygyny aýdypdy: “Men Türkmenistanyň Prezidenti we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde, siziň goldawyňyz bilen atçylygy mundan beýläk-de ösdürmek, atlary ylmy esasda öwrenmek, olaryň tohum arassalygyny saklamak, Ýer ýüzünde ahalteke atlarynyň – behişdi bedewleriň giňden ýaýradylmagyna ýardam bermek boýunça alyp barýan işimizi has-da güýçli depginler bilen dowam etjekdigimize berk ynanýaryn“.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda merkezi Aşgabatda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk, aragatnaşyk saklamaga isleg bildirýänleriň sanynyň-da barha artýandygyny ýatlamak ýakymlydyr. Munuň özi bu Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň dünýä ýüzünde abraýynyň, şan-şöhratynyň barha artýandygynyň alamatydyr.

Häzir Türkmenistan sportuň, bedenterbiýäniň köpçülikleýin hereketiniň ýaýbaňlanýan ýurduna öwrülýär. Bu babatda atçylyk sporty hem onuň aýrylmaz bir bölegidir. Şeýle bolansoň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda dünýä derejelerine laýyk gelýän atçylyk-sport toplumlary gurlup, ol welaýatlarymyzyň iň bir buýsançly ýerleriniň birine öwrüldi. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde bina edilen bu ajaýyp Halkara atçylyk-sport toplumy belent başly gojaman Köpetdagyň etegine özboluşly bezeg berýär. Dünýä ülňülerine gabat gelýän, iň kämil tehnologiýalary bolan bu toplumda atçylyk boýunça dürli ýaryşlary geçirmäge amatly şertler döredilendir.

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli işleriniň netijesinde Ahalteke atlarymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalarynyň netijesinde atly sportyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmegi türkmen atlarynyň atly sportda şöhrat gazanjak günleriniň täze taryhy sahypasyny açdy.

Atçylyk sporty barada aýtsak, gadymy türkmen topragynda ýörgünli bolan at üstündäki milli oýunlar, häzirki döwrüň birnäçe atly ýaryşlarynyň, dabaralarynyň we şüweleňleriniň esasyny döredýär. Bularyň örän ýörgünli bolmagynyň sebäbi, gadymylygy, halkymyzyň gündelik durmuşyna ýakynlygy we her ýaşdaky atçylyk sportunuň janköýerleri üçin elýeterliligi bilen düşündirip bolar.

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen atçylyk sportynyň köp görnüşi gaýtadan dikeldi, şol bir wagtyň özünde olimpiýa sport görnüşi bilen at bilen päsgelçilikden böküp geçmek uly ösüşlere eýe boldy. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen atçylyk sporty (konkur) ýaryşlarynyň 2017-nji ýylda Türkmen paýtagtynda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň bezegi boljakdygy ikuçsyzdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli tutuş ýurdumyzy gurşap aljak we paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda Aziada-2017-niň açylan gününde tamamlanjak atly ýörişe badalga berilmegi hem Ahalteke atlaryna goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.