BMG-niň Baş Assambleýasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny baradaky Kararnamasynyň kabul edilmegi

2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy mejlisinde Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adyndan gün tertibiniň "Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy saklamak" atly 58-nji maddasyna laýyklykda hödürlenen “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamasynyň taslamasyna seredildi.

Türkmen tarapy bu kararnamany hödürlemek bilen, 2007-nji ýylda Aşgabatda döredilen bu Merkeziň öňüni alyş diplomatiýany amala aşyrmak mandaty bilen BMG-niň ilkinji düzümleriniň biridigini, sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek, şeýle-de ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleriň hem-de gapma-garşylyklaryň öňüni almak boýunça netijeli platforma hökmünde özüni görkezendigini belledi.

Şonuň bilen bilelikde, Merkezi Aziýa Döwlet Baştutanlarynyň netijeli duşuşyklarynyň yzygiderli guralmagy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýuldaky kararnamasy esasynda Parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa zolagynyň döredilmegi, 2022-nji ýylyň mart aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Terrorçylyga garşy bilelikdäki hereketleriniň täzelenen meýilnamasynyň kabul edilmegi Merkezi Aziýa sebiti üçin soňky ýyllaryň möhüm syýasy wakalary hökmünde öz beýanyny tapandygy kararnamada bellenilýär.

Kabul edilen kararnamada ilkinji gezek Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek boýunça çäreleri amala aşyrýan sebit guramalary bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamagyň ähmiýeti nygtalýar, şeýle hem gapma-garşylyklaryň öňüni almak babatynda BMG-niň howandarlygynda global toruny ösdürmekde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işiniň tejribesini dünýäniň beýleki sebitlerinde ulanmagyň zerurlygy bellenilýär.

Resminamada zenanlaryň hem-de ýaşlaryň hukugyny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen we BMG-niň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” hem-de “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” maksatnamalaryna laýyklykda döredilen Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy hem-de Ýaşlara bilim bermek boýunça Öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasy ýaly başlangyçlara aýratyn üns berilýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň wekilleri Merkeziň işine we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek we sebitdäki möhüm meseleleri çözmek ugrundaky tagallalara goldadylar. Kararnama ylalaşyk esasynda kabul edildi. Bu kararnama 91 sany döwlet awtordaş bolup çykyş etdi.