STAMBULDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNLERI

STAMBULDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNLERI

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda 2016-njy ýyl “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edildi. Mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň şanly baýramçylygynyň belleniljek ýylynda şeýle ajaýyp, goşa ganatly şygaryň öňe sürülmegi Türkmen halkynyň kalbynda uly ruhy joşgun döretdi.

Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň şygryýet günlerini geçirmek hem asylly däbe öwrüldi. Şahyryň şygryýet günleri mynasybetli geçirilýän çäreleriň gerimi barha giňeýär. Şonuň üçin türkmen şahyrlarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri iň köp öwrenilen hem-de dünýä halklarynyň dillerine terjime edilen şahyrana eserlerdir. Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri diňe ýurdumyzda ähmiýetli medeni çäre bolman, eýsem daşary ýurtlarda hem şygryýet günleri yzygiderli bellenilip geçirýär.

 2016-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan, Stambul uniwersitetiniň baş binasynda Türkmenistan döwletimizde 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahata dürli ylym-bilim edaralarynyň ýolbaşçylary, alymlar we Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde ýokary bilim alýan türkmen we türk talyplar gatnaşdylar.

Bu dabaraly maslahat Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsulynyň eden çykyşy bilen açyk diýlip yglan edildi. Maslahatyň dowamynda Türkiýäniň ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Jewat Ajar, Stambul uniwersitetiniň rektory Mahmut Ak, D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Saparberdi Çaryýew, Stambul uniwersitetiniň Edebiýat fakultetiniň dekany Mustafa Özkan, Ankara uniwersitetiniň mugallymy dosent Berdi Saryýew, Stambul uniwersitetiniň mugallymy dosent Nurjan Güder we Türkiýe-Türkmenistan raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nejdet Aýgün dagylar çykyş etdiler.

         Maslahatda çykyş edenler Türkmenistan döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, Watanymyzda mirasa we medeniýete goýulýan ägirt uly sarpa we Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligi barada durup geçdiler. Baý many-mazmuna we ýokary ylmy häsiýete eýe bolan bu maslahatda türkmen we türk talyplary tarapyndan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary okaldy. Maslahatyň dowamynda myhmanlara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar hem-de göreldeli çykyş eden talyplara minnetdarlyk hatlary gowşuryldy. Bu medeni çäräniň ahyrynda türkmen talyplary tarapyndan aýdym-sazly çykyşlar we gyzykly sahna oýunlary ýaýbaňlandyryldy hem-de dabaraly maslahata gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür-kerem edildi.