Köpçülikleýin Habar beriş serişdeler üçin maglumat

Türkiýe Respublikasynda harby agdaryşylyk synanyşmasy baradaky maglumatlar Türkmenistana çuň ynjalyksyzlyk bilen kabul edildi.

 Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti türk halkyna we döwletine goldawyny hem-de Türkiýedäki ýagdaýlaryň durnuklaşjakdygynaberk ynamyny beýan etdi.

Döwletiň baştutany Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, ýurdumyzy taryhy we doganlyk gatnaşyklary bilen bagllaşdyrýan Türkiýede bolup geçýän hadysalary hemişelik ýagdaýda gözegçilik etmegi we ýurtdaky ýagdaý barada wagtynda habar bermegi tabşyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanda bolýan Türkiýe Respublikasynyň raýatlaryna ynsanperwer meseleleri boýunça zerur bolan ähli ýardamlary amala aşyrmagy tabşyrdy.

 

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullygy