Türkiýe Respublikasynyň çäginde okaýan we dürli sebäpler bilen ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň DYKGATYNA!

Dünýäde ýiti öýken sowuklama keselini döredýän ýokanç kesel bolan COVID-19 koronawirusyň köpçülikleýin ýaýramagyny we dartgynly epidemiologiki ýagdaýyň dowam etmegini nazara alyp, bu kesele garşy göreşmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan taýýarlanan şu aşakdaky çäreleri amala aşyrmagyň zerurdygy barada mälim edýäris:

 

1. Azyk önüm­le­ri­niň howp­suzly­gy­nyň düz­gün­le­ri­ni ber­jaý etmeli.
Çig we taý­ýar iý­mit üçin aý­ra­tyn ke­si­ji tag­ta­la­ry we py­çak­la­ry ulanmaly!

2. Eti we ýu­murt­gany do­ly taýýar bol­ýan­ça, go­wy edip bi­şi­rmeli!

3. Nahar taýýarlananda ýa-da dürli tagamlar taýýarlananda ilki bilen
el­le­ri­ňi­zi sabyn bilen gowy ýuwmaly!

4. Eger üs­gür­ýän bol­sa­ňyz ýa-da gyz­gy­ny­ňyz ýoka­ry bol­sa, adam­lar
bi­len galtaşyk­dan ga­çadu­rmaly!

5. Gyz­gy­ny­ňyz ýo­kar­lan­sa, üsgür­se­ňiz we dem al­şy­ňyz kyn­laşsa,
müm­kin bol­du­gy­ça wagt ýi­tirmän, luk­man­çy­lyk kö­me­gi üçin ýüz tu­tmaly!

6. Eger siz nä­sag­la­man­ka­ňyz haý­sy­dyr bir ýurt­la­ra gi­dip-ge­len bol­sa­ňyz, bu ba­ra­da luk­ma­na aýtmaly!

7. El­le­ri­ňi­zi wagtal-wagtal sa­byn bi­len akar su­wuň aşa­gynda azyndan 20 sekund ýu­wmaly ýa-da dezinfeksiýa er­gin­le­ri bi­len tä­miz­lemeli!

8. As­gy­ra­ny­ňyz­da we üs­gü­reni­ňiz­de ag­zy­ňy­zy hem-de bur­nu­ňy­zy
birgezeklik salfetka bilen ýapmaly ýa-da tir­se­gi­ňi­zi epip agzy-burny ýapyp asgyrmaly ýa-da üsgürmeli! Salfetkany şol ba­da zyňmaly we el­le­ri­ňi­zi      ýu­wmaly!

9. Gyz­gy­ny ýo­ka­ry ýa-da üs­gür­ýän adam­lar bi­len ýa­kyn gal­ta­şyk­da
bol­mak­dan sak­lanmaly!

10. Ýa­ba­ny ýa-da oba ho­jalyk haý­wan­la­ry bi­len go­ral­ma­dyk gal­ta­şyk­lar­dan sak­la­nmaly!

11. Mümkin boldugyça adamlaryň köpçülikleýin üşýän ýerlerine (restoran, kafe, dynç alyş ýa-da söwda merkezler we ş.m) gitmeklikden saklanmaly!