Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda futbol bäsleşigi geçirildi.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygynyň (Stambul ş.) guramagynda pandemiýa şertlerine laýyklykda Stambul şäherinde futbol ýaryşy geçirildi. Talyp ýaşlar öz arasynda toparlaryny düzüp, ýaryşa gatnaşmak üçin guramaçylyk komitetine ýüz tutdular. Jemi 24 topardan düzülen, ýygyndy toparlar ýaryşa gatnaşmaga kabul edildi. Ýaryşa gatnaşan toparlar bije esasynda sekiz topara bölünip her toparda üç toparça ýer aldy. Gurnalan futbol bäsleşigine, Türkiýe Respublikasynyň dürli künjeklerinde ýokary bilim alýan iki ýüzden gowrak talyplar gatnaşdy. Talyp ýaşlar geçirlen oýunlarda ussatlyklaryny görkezip, öz aralarynda agzybirlikli bäsleşdiler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň kemala gelmegi örän buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Iki gün dowam eden bäsleşigiň, kuboga barýan ýolda soňky duşuşyk bolan final duşuşygy, 2021-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda geçirildi. Jemleýji duşuşykda çykyş etjek talyp ýaşlary goldamak we olary ýeňişe ruhlandyrmak üçin, Stambul şäherinde ýokary bilim alýan we ýaşaýan raýatlarymyz futbol meýdançasynyň tomaşaçylara niýetlenilen ýerine ýygnandylar. Gyzykly duşuşyk eminiň başlaýyş jürlewigi esasynda badalga aldy. Çekeleşikli geçen jemleýji duşuşygyň netijesinde « Jeýhun » topary kubogyň eýesi boldy.

Bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji ýerlere mynasyp bolan ýygyndy toparyň agzalaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuruldy. Şeýle-hem çäräniň ahyrynda ýaryşa gatnaşan talyplara, tomaşaçylara we myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi. Bu sport çäresiniň çäklerinde bäsleşige gatnaşan we tomaşa eden türkmen talyplary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen talyplarynyň daşary yurtlarda okap, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladasyny edýän Arkadag Prezidentimize özleriniň çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.