SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Goranmak minis...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekledi. Milli Liderimiz we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirl...
Türkmenistanyň wekiliýeti Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 17-18-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Çäräniň dowamynda 6 sany mowzuklaýyn mejlisler geçirilip, olaryň barşynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleri bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hazarýaka sebitinde söwda-ykdysady hyzmatd...
Türkiýede Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli surat sergisi açyldy
2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Kyrşehir welaýatynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli surat sergisi açyldy. Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň we Ahi Ewran uniwersitetiniň bilelikde gurnan sergisiniň açylyş dabarasyna, Türkiýäniň belli medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň we habar beriş serişdeleriň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar g...
Türkiýe Respublikasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ylmy konferensiýasy geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy Kyrşehir şäheriniň Ahi Ewran uniwersiteti bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy konferensiýasy geçirildi. Geçirilen ylmy çärä Türkiýe Respublikasynyň Kyrşehir welaýatynyň Häkimi Murat Sefu Demirýürek, Kyrşehir şäherindäki Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory, professor Mustafa Ka...
Ankara şäherinde Türkmenistana bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Ankara şäherinde «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk düşünjesi we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly, Gündogaryň beýik akyldar-şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýygyndysynyň türk dilindäki täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy, Ýewraziýa ykdysady gatnaşyklary...
Täjigistanda Magtymguly adyndaky täze mekdebiň açylyşy geçirildi
2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar. Täjigistan Respublikasyndaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklyk...