“Paýhas çeşmesi” atly kitabyň türk diline terjime edilen görnüşi çapdan çykdy
“Paýhas çeşmesi” atly kitabyň türk diline terjime edilen görnüşi çapdan çykdy
“Irfan kaýnagy” — Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitabyň türk diline terjime edilen görnüşi şeýle at bilen çapdan çykdy. Milli Liderimiziň türkmen halkynyň baý medeni mirasyna bagyşlanan düýpli işiniň täze neşiri Türkiýe Respublikasynyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Stambul uniwersitetiniň uly mugallymy Nurjan Güder tarapyndan türk diline terjime edilip, çap edildi hem-de şanly senä — türkmen döwletiniň Baştutanynyň 60 ýaş doglan gününe bagyşlanyldy.
Mälim bolşy ýaly, “Paýhas çeşmesi” Hormatly Prezidentimiziň toplan hem-de ulgamlara salan halk nakyllarynyň atalar sözleriniň ajaýyp ýygyndysydyr. Bu ensiklopedik işde türkmenleriň täsin ruhy dünýäsi, olaryň dünýägaraýşy, ahlak däpleri we ynançlary açylyp görkezilýär.
Kitap “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýen nyşan astynda geçen 2016-njy ýylda watandaşlarymyza ajaýyp sowgat bolup, okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Halk döredijiligini, asyrlaryň çuňluklaryndan biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklary hem-de ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny giňden wagyz etmek we ylmy taýdan öwrenmek işinde onuň uly ähmiýeti bardyr.
Mundan beýläk Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ajaýyp edebi işi bilen türk okyjylary hem tanşyp biler. Kitap uly terbiýeçilik we akyl ýetiriş ähmiýetine eýe bolup, ýaşlar üçin aýratyn gymmatlydyr. Ol biziň umumy geljegimiz degişli bolan ynsanlaryň ünsüni çeker, päk niýetli gözbaşlarymyza, bahasyz mirasymyzyň goralyp saklanmagyna we artdyrylmagyna ýardam berer, çünki şu maksatlar umumadamzat ösüşiniň genji-hazynasyna örän uly goşant goşan halklarymyzy ýakynlaşdyrýar.
Türkiýe Respublikasynyň we dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň biri bolan Stambul uniwersitetinde Türkmenistanyň milli baýramçylyklary we Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri yzygiderli geçirilýär. Rektor Mahmut Akyň ýolbaşçylygynda Stambul uniwersitetiniň giňden hyzmatdaşlyk etmegi bilen geçirilýän bu özboluşly çäreler, türkmen halkymyzyň medeniýetini ýaýmak babatynda örän ähmiýetlidir.
Ajaýyp bezelen täze neşiriň doganlyk türk halkynyň dilinde çapdan çykmagy dostlugyň we özara düşünişmegiň, asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän ruhy-medeni aragatnaşyklarymyzy berkitmäge hem-de ösdürmäge özara ymtylmanyň oňat nyşanydyr.