Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

2017-nji ýylyň 06-njy dekabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan Stambul şäher häkimliginiň Medeniýet öýünde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistan-Türkiýe raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri şol sanda Atawatan Türkmenistan žurnalynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy we onuň ösüşi barada giňişleýin maglumat berildi. Bu babatda aýdylanda, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigi, şeýle hem sebitiň ýurtlary we dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň tutýan işjeň we oňyn ornunyň BMG we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda we Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň hem-de halkara bileleşiginiň goldamagynda 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň sebitde içerki we transmilli wehimlere we howplara garşy çäreleri görmekde hem-de sebit meselelerini çözmekde möhüm orun eýeleýär.

Şeýle hem, 2-nji fewralynda BMG- niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara bitaraplyk güni” Kararnamasynyň kabul edilendigi we bu halkara hukuk resminamasynyň esasynda dünýä taryhynda ilkinji gezek her senäniň 12-nji dekabr gününiň halkara Bitaraplyk güni hökmünde gutlanyljakdygy mälim edildi.

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziň orny” atly Kararnamany kabul edendigi we Kararnamanyň awtordaşy bolup 57 döwletiň çykyş edendikleri barada brifinge gatnaşyjylara maglumat berildi.