Türkmenistan bilen Keniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýuldy

2023-nji ýylyň 14-nji martynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Keniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekili Aksoltan Ataýewa bilen Keniýa Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekili Martin Kimaniň arasynda gepleşikler geçirildi. Hemişelik Wekiller iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň, şeýle hem halkara guramalarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirilýändigini tassykladylar.

Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar, şeýle hem BMG-niň gün tertibinde duran Türkmenistanyň we Keniýa Respublikasynyň gyzyklanma bildirýän meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.