MOSKWA KONSERWATORIÝASYNDA NURY HALMÄMMEDOWYŇ 80-ÝYLLYK ÝUBILEÝINE BAGYŞLANYP DÖREDIJILIK AGŞAMY GEÇIRILDI

MOSKWA KONSERWATORIÝASYNDA NURY HALMÄMMEDOWYŇ 80-ÝYLLYK ÝUBILEÝINE BAGYŞLANYP DÖREDIJILIK AGŞAMY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň 80-ýyllyk ýubileýine bagyşlap döredijilik agşamy we konsert geçirildi.

Bu çäräni ýokary derejede dabaraly geçirmek üçin Türkmenistandan Moskwa şäherine Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory R.H.Amangeldiýewiň baştutanlygyndaky wekilçilikli döredijilik topary geldi.

Konserwatoriýanyň Rahmaninow zalynda geçen döredijilik çäresine Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň agzalary, döwlet edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri, daşary ýurtly Ilçiler we diplomatlar, işewürler, žurnalistler, medeniýet we sungat işgärleri, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri, Russiýada ýaşaýan türkmen ildeşleri, Moskwanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylara P.l.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň rektory A.S.Sokolowyň ýüzlenmesinde görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň çuňňur milli medeniýet däplerine baý döredijiligi dünýä saz sungatynda özüniň mynasyp ornuny tapandygy we uly meşhurlyga eýe bolandygy nygtaldy.

Meşhur türkmen kompozitorynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan medeni çäräniň Moskwa konserwatoriýasynda geçirilmeginiň özi çuňňur many-mazmuna eýe, çünki, Nury Halmämmedow şu ýokary okuw mekdebinde bilim alyp, özüniň döredijilik ýoluna ynamly gadam basdy.

Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň meşhur wokal we instrumental eserleriniň birnäçesini öz içine alan medeni-döredijilik çäre Russiýanyň paýtagtynda köpden bäri garaşylýan wakalaryň biri boldy.