TÜRKMENISTANDA ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ BIRINJI SENAGAT SERGISI GEÇIRILÝÄR

TÜRKMENISTANDA ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ BIRINJI SENAGAT SERGISI GEÇIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 29-njy martynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Özbegistan Respublikasynyň Milli senagatynyň sergisi öz işine başlady. Sergini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldamagynda Söwda-senagat edarasy gurady.

Bu çärä gatnaşmak üçin Özbegistanyň köpugurly senagat ulgamyna wekilçilik edýän 70-den gowrak kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň 250 wekilinden ybarat bolan wekilçilikli topar Aşgabada geldi.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň wekilleri, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem iki ýurduň işewürleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara we myhmanlara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutany goňşy ýurduň haryt öndürijileriniň Aşgabatda geçirilýän sergisiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde ägirt uly ähmiýetini belläp, türkmen we özbek telekeçileriniň hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmakda, özara söwda dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagynda, kompaniýalar we maýadarlar bilen işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda onuň uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.

Köpugurly serginiň meýdançalarynda dag-magdan, metallurgiýa we nebitgaz senagatynda, maşyn gurluşygynda, elektrik energetikasynda, dokma we himiýa senagatynda, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy we azyk önümleri, lukmançylyk serişdeleri, söwda ulgamlarynda iş alyp barýan korporasiýalar we kompaniýalar öz diwarlyklaryny guradylar. Bu ýerde şeýle hem milli awtomobil pudagynyň ýeten sepgitleri, ätiýaçlandyrmagyň dürli görnüşleriniň hyzmatlary ulgamynda mümkinçilikler, şeýle hem özbek halkynyň amaly-haşam sungatynyň, medeniýetiniň özboluşlylygy we täsinligi görkezilýär.

 Türkmen-özbek söwda öýüniň hem-de Özbegistanyň Kiçi işewürliginiň we hususy telekeçiliginiň subýektleriniň eksportuny goldamak baradaky gaznasynyň bölümleri iki ýurduň telekeçileriniň arasynda işewür duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek üçin oňat mümkinçilik döredýär. Guramalaryň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda eksport kuwwaty has-da giňeltmek, önüm öndürilişini artdyrmaga ýardam bermek hem-de olary daşary ýurt bazarlarynda öňe ilerletmek ýaly wezipeler bar.

Aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary 31-nji martda tamamlanýan Söwda-senagat edarasynyň binasyndaky köpugurly sergi bilen tanşyp biler.