ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi geçirildi

Şu gün, 2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory Golda El Huri we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem gatnaşdy.

R.Meredow duşuşygy açmak bilen, ÝUNESKO-nyň işleri barada pudagara toparyň çägindäki işleriň anyk netijeleri barada durup geçdi we geljekde amala aşyryljak işleriň ileri tutulýan ugurlaryny belledi.

Türkmenistanyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça geçirilen bilelikdäki işlere aýratyn üns berildi. Köpmilletli medeni gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň halkara sanawlaryna taýýarlamak we girizmek boýunça Türkmenistanyň işjeň hereketleri babatynda hem nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, geçen ýyl üç sany hödürnama boýunça, hususan-da, “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” we “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Mundan başga-da, şu ýylyň maý aýynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň “Dünýä hakydasy” halkara sanawyna girizildi. Beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň 80-den gowrak diwanyndan ybarat bolan bu goşgular ýygyndysynda XVIII-XIX asyrlarda Türkmenistanyň çäginde ýaýradylan eserleriniň saklanyp galan golýazmalary bar.

ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde bilim we ylym pudagyny belläp, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralarynyň işleýändigi we alty sany mekdebiň ÝUNESKO-nyň Assosiirlenen mekdepleriniň toruna girýändigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda ÝUNESKO-nyň çäginde Türkmenistanyň ýakyn geljekdäki hyzmatdaşlygynyň gün tertibiniň käbir ugurlary boýunça netijeli pikir alyşyldy. Hususan-da, mejlise gatnaşyjylar 2021-2023-nji ýyllar aralygynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografik geňeşiniň Ýerine ýetiriji toparynda Türkmenistanyň agzalygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Geljek ýyl TÜRKSOÝ-a girýän ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň 10-njy mejlisini Aşgabatda geçirmek boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna “Türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungaty” hödürnamasyny girizmek boýunça möhüm ädimler barada nygtaldy.

ÝUNESKO-nyň Klaster edarasynyň direktory, öz gezeginde, Guramanyň medeni mirasyň ählumumy hazynasyna goşant goşýan milli medeni mirasymyzy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmekde Türkmenistana goldaw bermäge mundan beýläk hem taýýardygyny tassyklady.