Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tegi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň aýdan mähirli salamyny we tutuş türkmen halkyna ýollan iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda koreý tarapynyň özara hormat goýmak, ynanyşmak, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanmalary beýan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de türkmen-koreý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbitlerine gönükdirilen diplomatik işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Prezident Ýun Sok Ýoluň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen dürli ugurlarda okgunly ilerledilmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýedigi nygtaldy. Dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ählumumy gün tertibiniň beýleki möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigi ýa-da ýakyn bolmagy halkara giňişlikdäki özara gatnaşyklary netijeli utgaşdyrmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.

Mundan başga-da, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde köpugurly esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi we üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.

Soňky ýyllarda parlamentara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilip, köpugurly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň üstüni ýetirýär.

Söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary ýurdumyzyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda dürli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşdylar. Türkmenistanda Koreýa Respublikasynda öndürilen awtoulaglar we ýörite tehnikalar giňden ulanylýar.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde möhüm orny eýeleýändigi bellenildi. Bu bolsa halklaryň ýakynlaşmagyny, medeniýetleriň özara baýlaşmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ulgamynda gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.