ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary bilen duşuşyk

Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen
ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissaryň mandatyna degişli bolan adam ölçegleri babatynda bilelikdäki işleriň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

R.Meredow soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýokary komissaryň edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze derejä çykandygyny hem-de yzygiderli we ulgamlaýyn häsiýete eýe bolandygyny belledi.

Bilim pudagy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şu nukdaýnazardan, 2021-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasynda Türkmenistanda dil we medeni köpdürlülik boýunça hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama gol çekilmegi möhüm ädim boldy.

Ähtnamany durmuşa geçirmek üçin Merkezi Aziýada bilim maksatnamasynyň çäginde Ýokary komissaryň edarasy bilen işjeň gatnaşygy dowam etdirmek teklip edildi, onuň dördünji tapgyry şu ýylyň dekabrynda tamamlanýar. Taslama bilim derejesini ýokarlandyrmak arkaly Merkezi Aziýada dürli etniki jemgyýetleriň çuňňur integrasiýasy ugrunda möhüm öňegidişlige ýetmäge kömek etmegi maksat edinýär.

Taraplar 2023-2025-nji ýyllar üçin bu Ähtnamany durmuşa geçirmek üçin Ýol kartasyny işläp düzmek barada ylalaşdylar.

2021-nji ýylda kabul edilen 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň çägindäki hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenildi.

Taraplar şeýle hem 15-nji iýunda Aşgabatda bu ugurda geçiriljek tegelek stoluň gün tertibi barada pikir alyşdylar.