Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky we Eýrandaky wekili Golda El Huri bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm meseleleri barada, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň anyk ugurlary boýunça netijeli pikir alyşdylar.

Hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan, bilim, ylym, medeni gatnaşyklar, ekologiýa we daşky gurşawy goramak pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga gönükdirilen, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda gol çekilen Çarçuwaly ylalaşygyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Taraplar ýakyn wagtda geçiriljek bilelikdäki taslamalaryň we çäreleriň, hususan-da, indiki ýyl Aşgabatda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna girmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň geçirilmegi barada özara pikir alyşdylar.

Golda el Huri hem, öz gezeginde, ÝUNESKO-nyň türkmen halkynyň baý medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmekde Türkmenistana goldaw bermegini dowam etjekdigini tassyklady.