Türkmenistanyň DIM-nde Ýewroparlament bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyna syn berildi, şeýle hem “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatynyň çäginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dürli ugurlarda netijeli ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk barada bellenildi. "Türkmenistan-ÝB" bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara gepleşikleri, Adam hukuklary boýunça gepleşikleriň yzygiderli esasda geçirilýän mejlislerine aýratyn ähmiýet berildi. Mundan başga-da, geçen ýyl Aşgabatda ÝB-niň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeligi, bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan maslahaty, şeýle hem ýaşyl energetika boýunça forumy geçirildi.

Taraplar "Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi" formatynyň çäginde hyzmatdaşlygyň ösýändigini bellediler we daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli duşuşyklar, ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýokary derejeli syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça gepleşikleriniň çäginde mejlisler we "MA - ÝB" görnüşindäki ykdysady forumlar geçirilýändigini nygtadylar.

Halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmagyň çäginde Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti Türkmenistanyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmeklige gönükdirilen halkara ynsanperwer başlangyçlarynyň, şol sanda ýurdumyzyň Owganystandaky ýagdaýy çözmek we parahatçylygy dikeltmek ugrundaky tagallalarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Bilim, sanlylaşdyrmak, energetika, ulag, suw baýlyklary we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Mundan başga-da, Ýewropa Parlamentiniň wekilleri gender deňliginiň ösüşini, Türkmenistanyň syýasy durmuşynda aýal-gyzlaryň we ýaşlaryň artýan ornuna ünsi çekdi.