Aşgabatda türkmen-britan syýasy geňeşmeler geçirildi

2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, arkalaşyk we ösüş ministriniň parlament orunbasary Leo Doherti bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli ugurlaryň giň gerimini içine alýan ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

R.Meredow türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň netijeli ösdürilýändigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, onuň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň maýynda Patyşa Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmagy döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm waka boldy. 

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, energetika, howanyň üýtgemegi, oba we suw hojalygy ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taraplaryň taýýarlygy mälim edildi.

Türkmen tarapy parlament diplomatiýasynyň möhüm ornuny bellemek bilen, parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Mundan başga, diplomatlar medeniýet, arheologiýa, bilim pudaklarynda, şeýle-de Türkmenistanda iňlis dilini öwrenmek babatynda alnyp barylýan oňyn hyzmatdaşlygy tassykladylar. 

Duşuşygyň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda Teswirnama gol çekişmek dabarasy bolup geçdi.