Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyna gatnaşýar

2023-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bangkokda (Tailand) Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 42-nji Baş Assambleýasynyň işine gatnaşýar.

Baş Assambleýanyň işine Milli Olimpiýa Komitetleriň 45 sany wekiliýeti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýar.

Gün tertibe laýyklykda, Olimpiýa hereketini ösdürmek boýunça Geňeşiň alyp barýan işlerine, şol sanda, geçiriljek çäreler bilen bagly meselelere seredilýär.

Şeýle hem Baş Assambleýanyň çäklerinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidentiniň we Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň täze prezidenti wezipesine dört ýyl möhlet bilen Geňeşiň komitetiniň ýolbaşçysy Şeýh Talal Fahad Al-Ahmad Al-Sabah saýlandy.