Türkmenistanyň wekiliýeti Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşmagynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi

img
img
img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorka amala aşyran saparynyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça ýokary wekili Rabab Fatima, BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Li Jinhua, BMG-niň Baş sekretarynyň ösüş utgaşdyrmasy boýunça kömekçisi Oskar Fernandes-Taranko, BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebitleýin edarasynyň müdiri Iwana Žiwkowiç bilen gepleşikleri geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şol sanda, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we edaralary bilen gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada netijeli pikir alyşmalar bolup geçdi.

Şol günüň özünde Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Italiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mariýa Tripodi bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri, şeýle hem ileri tutulýan ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.