Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Bitarap Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp düzmekde işjeň we başlangyçly orny eýelemek bilen, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirýär. Şu ýylyň dowamynda guralan halkara derejeli möhüm wakalar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan bu öňdengörüjilikli strategiýanyň netijeliliginiň aýdyň güwäsidir.

Şol wakalaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrandygyny bellemek gerek. Ýurdumyz öz parahatçylyk söýüjilik we döredijilik kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirmäge taýýardygyny iş ýüzünde görkezýär hem-de bu ugurda başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Munuň şeýledigine 18-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden beýan eden anyk teklipleri we Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary hem şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri BMG-niň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr. Köp sanly sebäplere görä, häzirki zaman dünýäsi örän düýpli wehimleriň birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi hem-de bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň biri-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk we durnukly goraýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň birnäçe başlangyçlaryny beýan etdi. Hususan-da, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, BMG-niň Tertipnamasynyň kadalary, halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak teklip edildi. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, «Merkezi Aziýa — BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we yzygiderli dialogyň ýola goýulmalydygyny belledi hem-de BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň birinji maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygy beýan edildi.

Türkmenistanyň BMG-niň geljek ýyllar üçin işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda howa we ekologik meseleleri çözmegi möhüm hasaplaýandygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow metan boýunça ählumumy borçnamalar bilen bagly meseleleri aýratyn belledi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen, 2017-nji ýylda birnäçe degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri ileri tutulyp amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy baradaky meseläni öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatdaky “Ýol kartasynyň” tassyklanylandygy nygtaldy.

Merkezi Aziýanyň ekologik meselelerine strategik çemeleşme hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç öňe sürüldi. Şunuň bilen baglylykda, merkeziň işlemegi üçin türkmen paýtagtynda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge ýurdumyzyň taýýardygy beýan edildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz çykyşynda «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada teklibi beýan edip, ony durmuşa geçirmek işleriniň BMG, onuň agentlikleri, edaralary we institutlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda amala aşyrylmalydygyny nygtady.

Ulag ulgamynda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň şu möhüm ugur boýunça dialog üçin netijeli halkara platformany döretmegiň başyny başlaýjy bolandygyny belledi. 2016-njy ýylda ýurdumyzda durnukly ulag boýunça BMG-niň birinji ählumumy maslahaty, şeýle hem geçen ýylyň tomsunda BMG bilen hyzmatdaşlykda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygy üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyçlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidildi. Şolaryň hatarynda şu ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamany görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, şol Kararnamanyň düzgünlerine esaslanyp, Baş Assambleýanyň degişli mejlisiniň çäklerinde Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli maslahaty çagyrmak teklip edildi.

Azyk meselesini çözmekde BMG-ä ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň möhüm ugrudyr. Şundan ugur alyp, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça iri halkara forumy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edýär we bu çäräni ylalaşylan möhletlerde Aşgabatda geçirmek üçin şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň doly derejeli strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydyklary tassyklanyldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz 78-nji sessiýanyň çäklerinde Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel we ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşyklary geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň çäklerinde 19-njy sentýabrda “Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary” (“C5+1”) formatyndaky ýokary derejeli birinji taryhy duşuşyga gatnaşdy. Sammitiň dowamynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Sebitdäki goňşy döwletler bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan üýtgewsiz ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Duşenbe şäherinde, degişlilikde, 14-nji we 15-nji sentýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin sentýabr aýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň döwletara dialogy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürmäge mundan beýläk-de goşant goşmagy maksat edinýändigi ýene bir gezek tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda beýan edilen teklipler we başlangyçlar pugta parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýet we söwda, energetika, ulag, medeni-ynsanperwer ulgam, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, suw diplomatiýasyny ilerletmek, umuman, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly ugurlaryň giň toplumyny özünde jemledi.

Şeýle hem Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 14-nji sentýabrda Duşenbe şäherine iş saparyny amala aşyrandygyny bellemek gerek. Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzy ýokary sylag — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen däp bolan gatnaşyklary netijeli hem-de okgunly ösüş häsiýetine eýedir. Onuň çäginde alnyp barylýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk dostlugyň we raýdaşlygyň berk binýadyna daýanýar. GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, ýurdumyz Arkalaşygyň çäginde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 13-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirilen GDA-nyň nobatdaky sammitine gatnaşmagy hem Türkmenistanyň bu görnüşdäki köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerinde başlangyçly orny eýeleýändiginiň güwäsi boldy.

Parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Bitarap Watanymyz dünýäniň dürli yklymlaryndaky döwletler, şol sanda Türkiýe Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýär. Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça hormatly Prezidentimiziň bu doganlyk ýurda amala aşyran resmi sapary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän ygtybarly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde we ony hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ädim boldy. Gazanylan ylalaşyklar, gol çekilen resminamalaryň uly toplumy Ankaradaky ýokary derejeli gepleşikleriň netijeli geçendigine şaýatlyk edýär. Bu resminamalar türkmen-türk gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady ulgam, işewürlik gatnaşyklary, ulag we kommunikasiýalar, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, medeni-ynsanperwer ulgamy, ýaşlar syýasaty, sport, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berer.

Şeýle hem saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň hyzmatdaşlyk boýunça beýan eden anyk teklipleri Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi. Olar ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Işewürlik forumynyň netijeleri boýunça türkmen we türk telekeçileriniň arasynda dürli ulgamlarda, şol sanda gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde, obasenagat toplumynda, azyk senagaty pudagynda hyzmatdaşlyk etmek we ugurdaş enjamlary satyn almak babatda birnäçe resminamalara gol çekildi.

Halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysaly hökmünde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ýola goýlan uzak möhletleýin oňyn dialogy görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, bu guramada başlyklyk eden döwründe ýurdumyz 2021-nji ýylda YHG-nyň 15-nji sammitini kabul etdi. Aşgabatda geçen ýokary derejedäki bu duşuşyk bilelikde alnyp barylýan işlere täze itergi beren möhüm çözgütlere baý boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 9-njy noýabrda Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň bar bolan mümkinçilikleri we geljegi nazara almak bilen, ygtybarly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmäge çalyşýandygynyň aýdyň görkezijisi boldy. Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlarynda, ulag we energetika pudagynda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, umuman, giň möçberli döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilen teklipleri beýan etdi.

Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklar hem ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Türkmen halkyny bu gurama agza ýurtlaryň halklary bilen taryhy kökleriň, medeni-ruhy mirasyň umumylygy baglanyşdyrýar. 2021-nji ýylda Türkmenistana bu düzümde synçy derejesiniň berlendigini bellemek gerek. 3-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy ýurdumyzyň bu formatda netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny subut etdi. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda sebit we ählumumy derejeli möhüm ugurlar barada durup geçmek bilen, döwletara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine ünsi çekdi we uzak möhletleýin esasda guralýan hem-de umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyga ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürdi.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem Ýewropa ugrudyr. Ýurdumyz Ýewropa döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde däp bolan hyzmatdaşlygy ilerletmäge uly ähmiýet berýär. Şu ýylyň awgust aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Wiktor Orbanyň çakylygy boýunça Budapeştde geçirilen Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar we döwlet Baştutanymyzyň Wengriýanyň Hökümetiniň Başlygy bilen duşuşmagy däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze taryhy tapgyrda has-da çuňlaşdyrmagyň berk binýadyny goýdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýeňil atletika boýunça XIX dünýä çempionatynyň dabaralaryna gatnaşmaga çagyrylmagy Watanymyzyň belent halkara abraýynyň, onuň parahatçylygy pugtalandyrmaga, dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ägirt uly goşandynyň ykrarnamasy boldy.

Ýewropaly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklar hakynda aýtmak bilen, şu ýylyň sentýabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeli bolandygyny bellemek gerek. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» görnüşindäki duşuşygyna, şeýle hem Türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols we Federal Kansleriň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bu sapar döwletara gatnaşyklary berkitmekde hem-de türkmen-german hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze, bar bolan giň mümkinçiliklere laýyk gelýän derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädim boldy. Berlinde geçirilen ýokary derejeli çäreleriň dowamynda GFR-iň halkara giňişlikde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga açyk bolmak bilen, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Taraplaryň hoşmeýilli erk-islegleri esasynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýedir. Şu ýylyň oktýabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy munuň aýdyň beýany boldy. Gahryman Arkadagymyz forumyň çäklerinde guralan ýokary derejeli maslahatda çykyş edip, türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň baý taryhy tejribesine daýanmagyň, häzirki wagtda özara obýektiw bähbitleriň bolmagynyň Türkmenistan we Hytaý tarapyndan öňe sürlen “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” hem-de “Bir guşak, bir ýol” strategiýalarynyň durmuşa geçirilmegi, olaryň utgaşdyrylmagy, biri-biriniň üstüniň ýetirilmegi bilen baglylykda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýändigini nygtady.

Şeýle hem Pekine amala aşyrylan saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Şeýlelikde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan saýlap alan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna eýermek bilen, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli, köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar.