FILÝANDIÝANYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLADY

2018-nji 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Finlýandiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) jenap Niklas Lindkwist bilen duşuşyk geçirildi.  

Türkmenistanda diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, türkmen tarapy iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi. Netijeli döwletara gepleşikleriň ählitaraplaýyn berkidilmegine özleriniň ygrarlylygyny belläp, taraplar bilelikdäki işiň netijelerine gysgaça syn berdiler.

Sebitleýin aragatnaşygyň meseleleri babatda pikirleri alyşyp, taraplar energetika hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar. Mundan başga-da gepleşikleriň çäginde Merkezi Aziýada suw meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, türkmen tarapy Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäginde Türkmenistanyň amala aşyrýan işleri bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda j-p Lindkwist Ilçihananyň işine yzygiderli ünsi we goldawy üçin türkmen tarapyna sagbolsun aýtdy. Türkmen tarapy, öz gezeginde, türkmen-finlýand hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşan önjeýli goşandy üçin Ilçä minnetdarlygyny bildirdi.