BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň (UNHCR) Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Mahir Safarli bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda M.Safarli özüni BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili wezipesine bellenilendigi baradaky haty türkmen tarapyna gowşurdy. Öz gezeginde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa ony wezipä bellenilmegi bilen gutlap, jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen UNHCR-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar, şeýle hem sebit we halkara ynsanperwer gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň BMG bilen gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýandygy nygtaldy. Şeýle hem bosgunlary we raýatlygy bolmadyk adamlary goramak babatda halkara borçnamalara Türkmenistanyň ygrarlydygy bellenildi.
Raýatsyzlygy aradan aýyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Taraplar bu ugurda Türkmenistanyň gazanan möhüm üstünliklerini, şol sanda 2019–2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilendigini bellediler. Şeýle hem geçirilen raýatlygy bolmadyk ýagdaýlaryň ýok edilmegine bagyşlanan Sebitleýin ministrler derejesindäki maslahatynyň üstünlikli guralandygy bellenildi.
Taraplar Türkmenistanyň BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň ählumumy başlangyçlaryna gatnaşmagyny, şol sanda Raýatsyzlygyň aradan aýrylmagy boýunça Ählumumy bileleşige goşulmagyny we Bosgunlaryň meseleleri boýunça ählumumy forumlara gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň 2028-nji ýyly Halkara hukugyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjy we onuň ilerledilmeginde UNHCR bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.
Sebit gün tertibiniň çäklerinde taraplar sebitdäki ýagdaýlar boýunça pikir alşyp, ynsanperwer krizisleriň döremegini aradan aýyrmak boýunça öňüni alyş çäreleriniň möhümdigini nygtadylar.
Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň guramaçylyk meseleleri, şol sanda geljek döwür üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.