Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 7-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy.
Mikail Jabbarow duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Azerbaýjanda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ösdürilýän gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Şeýle hem myhman her gezek ýurdumyza sapar bilen gelende Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň şaýady bolýandygyny, paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň özünde uly täsirleri galdyrýandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Azerbaýjanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de iki dostlukly ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtady. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň goňşy ýurtlar bolmak bilen, hyzmatdaşlygy däp bolan birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alyp barýandyklaryna ünsi çekdi.
Şunda Milli Liderimiziň Azerbaýjana amala aşyran saparlarynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda möhüm sahypalary açandygy bellenildi.
Türkmenistan hem-de Azerbaýjan ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.
Ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli dialog ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmäge itergi berip, netijeli özara gatnaşyklar üçin amatly şertleri döredýär.
Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyna sowgat berlen “Dostluk” gämisi üçin azerbaýjan tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi.
Medeni-ynsanperwer ugur türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde bolsa Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň ýokary derejede geçirilendigi aýdyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Geýdar Aliýew adyndaky gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikde guramagynda şu ýylyň 19-njy oktýabry - 30-njy noýabry aralygynda Türkmenistanda “Tebigat - ene” atly halkara çäräni ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görülýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow döwletara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.