GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI

2018-nji ýylyň 23-nji awgustynda Aşgabat şäherine Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti döwlet sapary bilen geldi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow iki ýurduň arasyndaky syýasy, ulag, energetika, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşarlar. Şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.