TÜRKMENISTANDA ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNY ESASLANDYRYJY DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITI GEÇIRILÝÄR

018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler.

Bu ýokary derejedäki Sammitde geljekde Aral deňziniň basseýninde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyna, Aral deňziniň basseýninde ýerleşýän ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň Maksatnamanyň (ADBM-4) baş ýörelgesiniň taslamasyna, şeýle hem BMG-niň Aral deňziniň basseýni baradaky ýörite maksatnamasynyň baş ýörelgesiniň taslamasy ýaly meselelere serediler.