PAÝTAGTYMYZYŇ “SPORT” MYHMANHANASYNDA BRIFING GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň “Sport” myhmanhanasynda Türkmenistanyň sport syýasatyna hem-de 2018-nji ýylyň 28-nji oktýabry – 10-njy noýabry aralygynda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň professor-mugallymlary we talyplary, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem häzirki wagtda Aşgabatda geçirilýän Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisiniň işine gatnaşmaga gelen media wekilleri gatnaşdylar.

Bu çärede Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport syýasatyna berýän uly ünsi barada gürrüň edildi. Şeýle hem, brifinge gatnaşyjylar ýurdumyzda sport ulgamynda alnyp barylýan işleriň we ýetilen sepgitleriň üstünde durup geçdiler.

Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň Türkmenistanda geçirilmeginiň halkara gatnaşyklarda we syýasatda bolan ähmiýetleri aýratyn bellenilip geçildi.