Süleýman Demirel Uniwersitetinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 23 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk Güni mynasybetli dabaraly çare geçirildi

Süleýman Demirel Uniwersitetinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 23 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk Güni mynasybetli dabaraly çare geçirildi

Köp sanly Türkmen talyplarynyň bilim alýan Süleýman Demirel Uniwersitetinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 23 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk Güni mynasybetli dabaraly çare geçirildi. Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygy ve Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigi, şeýle hem sebitiň ýurtlary we dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň tutýan işjeň we oňyn ornunyň BMG we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigi barada bellenip geçildi. Gözbaşyny müňýyllyklardan alýan taryhyna we baý medeniýetine sarpa goýýan türkmen halky üçin bu ýylyň ähmiýeti örän uludyr.

Dabaraly çärä Baş konsullygyň diplomatlary, agzalan uniwersitetde ýokary bilim alýan türkmen, türk talyplary, uniwersitetiň rektory professor doktor Hüseýin Çarykçy ýolbaşçylygynda dekanlar we mugallymlar gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde talyplarymyzyň ýerine ýetirmeginde Türkmenistan döwletimizi wasp edýän goşgular, aýdym-sazly çykyşlar we sahna oýunlary ýaýbaňlandyryldy. Dabaranyň dowamynda uniwersitetiň prorektoryna ynsana hormat goýmagy öwredýän, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýän, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýän “Paýhas çeşmesi” atly kitap sowgat edildi hem-de göreldeli okaýan talyplara Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy. Baýramçylyk dabarasy joşgunly el çarpmalar we türkmen talyplarynyň buýsançly “Arkadaga şöhrat” diýen şygarlary bilen tamamlandy.

Çäräniň ahyrynda talyp ýaşlarymyz üçin atalyk aladasyny edýän, türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesindäki hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň şertleri we mümkünçilikleri döredip beren Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagy, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyklar gazanmagy we Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi arzuw edildi.