TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE FRANSIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Fransiýanyň wekiliýetine Fransiýanyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň kontinental Ýewropa ýurtlary boýunça müdirliginiň başlygy hanym Florans Manžen ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň başynda taraplar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet baştutanlarynyň derejesinde ikitaraplaýyn saparlary işjeňleşdirmegiň, şeýle-de hökümetara hem-de parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň zerurlygy bellenilip geçildi. Taraplar şeýle-de halkara guramalarynyň çäklerinde, ilkinji nobatda BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlygy belläp geçdiler.

Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen 2010-njy ýylyň mart aýynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň döredilendigini belläp geçmek möhümdir. Bu mazmunda taraplar maliýe-bank ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, fransuz kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmegiň ähmiýetini belläp geçdiler. Häzirki wagtda Türkmenistan fransuz kompaniýalarynyň birnäçesi bilen dürli ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Soňra bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine seredilip geçildi.

Mundan başga-da, syýasy geňeşmeleriň çäklerinde 2019-njy ýylyň dowamynda dürli derejelerdäki resmi saparlary hem-de bilelikdäki çäreleri gurnamagyň mümkinçiliklerine garamak teklip edildi.