TÜRKMENISTANYŇ BILIM WEKILIÝETI TÜRKMEN TALYPLARY BILEN DUŞUŞDY

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) we Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Milli bilim instituty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi tarapyndan,  2019-njy ýylyň 4-nji we 5-nji martynda Stambul şäherinde ýerleşýän, Stambul uniwersitetinde we Kyrklareli welaýatynda ýerleşýän Kyrklareli uniwersitetinde bilim alýan Türkmenistanly talyplar we uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistandan gelen wekiliýet Türkmenistanly talyplaryň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş we okuw şertlerini öwrenip, öz gezeginde: “Baştutanymyzyň Türkmen ýaşlarynyň ‘watansöýer, işjeň, ýokary maksatly, ahlakly we döredijilikli işlerde ýer alyp, ukyby we zehinini Garaşsyz Ýurdumyzyň ösmeginde goşantlar goşmaga gönükdürmek üçin’ dürli ýurtlarda ýokary bilim almalaryna bolan goldawyny” belläp geçdiler.

Şeýle-hem talyplar bilen gürrüňdeşlikde olara okuwlaryny talabalaýyk derejede okap gelejekde MähribanWatanymyza, Eziz Arkadagymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi, Hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlar üçin sargytlaryndan ugur alyp okamagy, gelejekde Watanymyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşmagynyň wajypdygy barada belläp geçildi. Hem-de duşuşykda türkmen talyplaryna okuwlaryny ýokary derejede tamamlap, Watanymyza gerekli, zehinli ýaşlar bolup ýetişmelidigi barada aýdyldy.

Duşuşygyn soňunda Stambul we Kyrklareli uniwersitetinde bilim alýan Türkmen talyplary özleri üçin atalyk aladasyny edýän, dürli ýurtlarda ýokary bilim alyp, halkara derejedäki hünärmenler bolup ýurdumyza dolanmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyza öz minnetdarlyklaryny we alyp barýan döwlet işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.