STAMBUL ŞÄHERINDE HALKARA NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI
Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde, 2019-nji ýylyň 21-nji martynda Stambul şäher häkimligi, Stambul welaýat häkimligi, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbeýjan we Türkmenistanyň Baş konsullygy tarapyndan Halkara Nowruz baýramy mynasybetli konsert, sergi we kabul edişlik çäresi geçirildi. Şeýle hem çärä, uniwersitetleriň professor-mugallymlary, Stambulda ýokary bilim alýan Türkmen talyplary bilen, doganlyk ýurtlardan gelen talyplar, Stambul şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Topkapy Türk dünýäsi medeniýet etrapçasynda geçirilen çäräniň dowamynda, Nowruzy gutlaýan doganlyk halklaryň milli medeniýeti bilen tanyşdyrýan medeniýet öýlerinde, Merkezi Aziýa geografiýasynyň taryhy däpleriniň nyşany bolan nowruzy gutlaýandyklaryny barada gatnaşyjylary tanyşdyrdylar.
Dabaraly çärede, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň milli tanslary we aýdym-sazlary ýaňlandy. Görkezilen milli sungat konsertleri dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.
Şunuň bilen birlikde, Türkiýäniň we Merkezi Aziýa döwletleriniň sungat we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi we gatnaşyjylara milli naz-nygmatlar hödür edilip Nowruz Baýramy mynasybetli dabaraly kabul edişlik çäresi gurnaldy. Milli tagamlardan başga, Nowruz baýramynyň baş tagamy — semeni hem hödür kerem edildi. Milli däp-dessurlara degişli eksponatlaryň sergilenýän medeniýet öýlerinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary, milli geýimler, ýurdumyzyň syýahatçylyk kuwwaty we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan kitapçalar sergilendi.
Bu dabaraly çäräniň halkara derejede gurnalmagy, Nowruz baýramynyň — agzybirligiň we jebisligiň baýramy bolandygynyň uly subutnamasydyr. Görnüşi ýaly, Nowruz milli we halkara öwüşginlere baý baýram bolup, onuň bilen bagly ruhy gymmatlyklaryň gadymy nusgalaryny öwrendigiňçe, milli mirasymyza bolan buýsanjyň artýar.