Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň başlyklygyna taýýarlanýar

Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň başlyklygyna taýýarlanýar

Mälim bolşy ýaly, Aral meselesi derýada gidrogeologik kadanyň üýtgemegi netijesinde XX-XXI asyrlaryň dowamynda has çylşyrymly häsiýete eýe bolup, häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar. Bu ýerde dörän ekologiýa heläkçiligi Aral deňziniň çäklerinde, şeýle hem onuň ýakynlarynda ýaşaýan millionlarça adamyň durmuş şertlerine öz täsirini ýetirdi. Dünýäde howanyň ählumumy häsiýetde üýtgemegi ýagdaýyň ýitileşmegine getirýär.

Bu babatda emele gelen ýagdaýy düzetmek ekologiýa heläkçiliginiň ýaramaz täsirlerine degişli döwletleriň ylalaşykly hereketine bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyny döretmek hakyndaky çözgüt kabul edildi. Ony Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan esaslandyrdylar. Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň düzüminde Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk topary we Durnukly ösüş boýunça döwletara topar döredildi. Onuň çäklerinde Orta Aziýa ýurtlary üçin bir bitewi ekologiýa maksatnamasy bolan Daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň sebit meýilnamasy kabul edildi.

Aşgabatda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Milli çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutynyň binýadynda beýleki ýurtlaryň şahamçalary bilen Ylmy-maglumat merkezi döredildi.

2008-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna synçy derejesini bermek hakyndaky kararnamasy kabul edildi. Munuň özi Aral ýagdaýynyň umumy dünýä häsiýetini tassyklan we ony ýeňip geçmek üçin dünýä bileleşiginiň tagallalaryny jemlemegiň möhümdigini ýüze çykaran tapgyrlaýyn waka boldy. 2010-njy ýylda paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi BMG-niň düzümleýin bölümleri, şol sanda Aşgabatdaky Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini üpjün etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň amala aşyrýan syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, geçen ýylyň güýzünde BMG-niň Durnukly ösüş baradaky sammitinde kabul edilen “2030-nji ýyla çenli döwürde ösüş ulgamyndaky gün tertibini” ýerine ýetirmek ýaly möhüm maksatlar hem-de wezipeler bilen berk baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, geçen ýylda Ýaponiýada geçirilen BMG-niň tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiligini peseltmek boýuna III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda öňe süren anyk başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Tehnologiýalar boýunça sebit merkezi açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak ýaly teklipler bar.

Häzirki döwürde sebitiň ähli döwletlerinde bu wezipeleri çözmek üçin anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Türkmenistanda ägirt uly tejribe toplanyldy, giň möçberli döwlet maksatnamalary we taslamalary amala aşyrylýar. Olaryň çäklerinde sebitlerde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümleriniň döredilmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiligine, daşky gurşawyň goralmagyna ägirt uly serişdeler gönükdirilýär. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasy", “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasy” munuň aýdyň subutnamasydyr.

Merkezi Garagumda bu gün ajaýyp gidrotehniki toplumyň, ähli welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň şor suwlaryny toplamaga niýetlenen çylşyrymly gidromelioratiw desganyň -- “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy dowam edýär. Özüniň möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk bu taslama Türkmenistana bolşy ýaly, tutuş Merkezi Aziýa üçin örän ähmiýetlidir. Onuň durmuşa geçirilmegi diňe bir ýurdumyzyň oba hojalygy üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri we gözýetimleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň ekologiýa derejesine oňyn täsir eder.

Şunuň bilen birlikde, “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” we “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy” yzygiderli durmuşa geçirilýär. Aral deňziniň gurşawynda, hususan-da, Dagoşuz welaýatynyň ekologiýa heläkçiliginiň ýiti täsiriniň bar ýerlerinde durmuş-ekologiýa ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmek, öňüni alyş we bejeriş çäreleriniň hilini ýokarlandyrmak, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, ägirt uly işler alnyp barylýar. Çölleşmä garşy göreşmegiň, biologik köpdürlüligi gorap saklamagyň çäklerinde giň möçberli tokaý zolaklary döredilýär.

Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegine taýýarlygyň çäklerinde paýtagtymyzda geçirilen iki günlük duşuşykda öňdebaryjy halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň meselelerine garaldy.

“Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen duşuşyk German jemgyýetiniň “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti arkaly dolandyrmagyň” halkara hyzmatdaşlygy boýunça Maksatnamasynyň goldaw bermeginde ýurdumyzyň Daşary işler hem-de Oba we suw hojalyk ministrlikleri tarapyndan guraldy.

Oňa ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky Maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Şweýsariýanyň ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň hem-de Yslam ösüş bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara guramalarynyň wekilleriniň iş duşuşyklarynyň barşynda milli we halkara bilermenler Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklygynyň, ýagny, ýakyn üç ýylyň dowamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, türkmen tarapynyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga, serhetüsti suw serişdelerini utgaşykly dolandyrmagyň hem-de netijeli peýdalanmagyň gurallaryny kämilleşdirmäge, Aralýaka ýurtlarynyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine goldaw bermäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça öňe süren tekliplerine garaldy. Şeýle hem Aral sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça hereketleriň üçünji Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde başy başlanan taslamalary mundan beýläk-de ilerletmegiň möhümdigi bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar onuň jemini jemlemek bilen, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna agza ýurtlaryň öňdebaryjy halkara guramalary we maliýe düzümleri bilen daşky gurşawy goramagyň hem-de Aralyň durnukly ösüşiniň ähli ugurlary boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.