TÜRKMEN TALYPLARYNYŇ ARASYNDA FUTBOL BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

TÜRKMEN TALYPLARYNYŇ ARASYNDA FUTBOL BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygy tarapyndan, Türkmenistanda 2019-njy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi we her ýylyň 5-nji apreli – 5-nji maýy aralygynda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriniň çäklerinde, 2019-njy ýylyň 14-nji aprelinde, Türkiýe Respublikasynyň dürli ýokary okuw jalarynda ýokary bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda sport çäresi – futbol bäsleşigi gurnaldy.

Gurnalan futbol bäsleşigine, Türkiýe Respublikasynda dürli künjeklerinde ýokary bilim alýan ýüzden gowrak türkmen talyby gatnaşdy. Sport çäresine hususan-da, Stambul uniwersiteti, Marmara uniweriteti, Ýyldyz Tehniki uniwersiteti, 19-njy Maý uniwersiteti, Ardahan uniwersiteti, Karamanoglu Mehmetbeý uniwersiteti we Stambul şäherindäki beýleki ýokary okuw jaýlaryndan talyplar ýaryşdy. Agzybir ýagdaýda düzülen jemi on iki ýygyndy toparyň arasyndaky geçirilen bäsleşik, çekeleşikli we örän gyzykly ýagdaýda dowam etti. Bäsleşikde ýeňiji bolan ýygyndy toparyň agzalaryna sowgatlar gowşuruldy. Şeýle-hem, ahyrynda ýaryşa gatnaşan tomaşaçylara, talyplara we myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Sagdynlyk we bagtyýarlyk atly köpçülükleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň biraýlygy boýunça geçirilen sport çäresiniň çäklerinde bäsleşige gatnaşan we tomaşa eden türkmen talyplary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen talyplarynyň daşary yurtlarda okap, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladasyny edýän Arkadag Prezidentimize özleriniň çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.