TÜRKMENISTAN WE ÝAPONIÝA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELDÝÄRLER

2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi, oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de ýapon tarapyndan “Itoçu Korporeýşn” ýapon kompaniýasynyň Wise-prezidenti jenap Ýoiçi Koboýaşi ýolbaşçylyk edýärler.

Mejlise 80-e golaý wekillerden ybarat bolan Ýaponiýanyň wekilçilikli wekiliýeti gatnaşdy we onuň düzüminde Ýaponiýanyň Hökümetiniň wekilleri, Mitsubişi, Kawasaki, Itoçu, Sumitomo ýaly iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem bardyr. Şeýle hem mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, has takygy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar soňky 10 ýylyň dowamynda ýokary derejedäki özara saparlaryň türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda möhüm tapgyr bolandygyny nygtadylar.  

Taraplar öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň çäginde durmuşa geçirilýän häzirki hem-de meýilleşdirilýän taslamalara seredip geçdiler. Ulag, gazhimiýa, elektroenergetika, senagat, oba hojalygy, saglygy goraýyş, kommunikasiýalar we aragatnaşyk, söwda, bilim, sport, syýahatçylyk we ekologiýa yaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmegi üçin oňyn şertleriň bardygy bellenilip geçildi. Milli derejede ykdysadyýetiň täze sanly ulgamlaryna geçilmegi bilen baglylykda taraplaryň ýokary tehnologiýalar ulgamynda hem hyzmatdaşlyklaryny işjeňleşdirmäge isleg bildirýändikleri nygtaldy.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň öňdebaryjy döwlet konsernleriniň we ýapon kompaniýalarynyň arasynda himiýa senagaty, gaz pudagy, ulag, oba we suw hojalygy ýaly ulgamlarda 6 sany resminama gol çekildi.      

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki 13-nji mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.