TÜRKMENISTANYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNDAKY BAŞ KONSULLYGY TARAPYNDAN TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY HEM-DE 2020-NJI “TÜRKMENISTAN – BITARAPLYGYŇ MEKANY” ÝYLY MYNASYBETLI YLMY TEGELEK STOL GEÇIRILDI.

2020-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky Bаş kоnsullugy (Stаmbul ş) tаrаpyndаn, Stambul hähimliginiň medeniýet merkezi bilеn bilеlikdе, Topkapy medeniýet parkynyň edаrа binаsyndа, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” ýyly mynasybetli, Tegelek stol geçirildi.

Tegelek stola, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Bаş kоnsullygynyň wekiller, Medeniýet merkeziň wekiller, Türkiýäniň abraýly jemgyýetçilik we ylmy işgärleri, şeýle-hem ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz Bitaraplyk derejesini we “açyk gapylar“ syýasatyny amala aşyrmak bilen, durnukly energiýa we ulag, daşky gurşawy goramak we ekologiýa, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda uly möçberli taslamalary işjeň durmuşa geçirýär. Abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda BMG bilen, gatnaşyklary giňeldip, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan ençeme halkara başlangyçlaryň awtory bolup, Türkmenistan sebitde berk parahatçylygy gurmakda ýokary derejelere ýetdi.

Şeýle-hem, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakdaky  ýardamy, şeýle hem sebitiň ýurtlary we dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýändigini bellediler. Bu babatda, dünýäde parahatçylygy we doslukly özara gatnaşygy ösdürmekde Türkmenistanyň tutýan işjeň ornunyň BMG-sy we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny aýtdylar.

Tegelek stoluň ahyrynda Topkapy medeniýet parkynda Türkmen milli mirasynyň ýerleşdirilen ýeri bolan Türkmen medeniýet öýüni gezen gatnaşyjylar we myhmanlara, Türkmen milli palawy hödür kerem edildi.