ANKARADA TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkiýäniň paýtagtynda Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe üçtaraplaýyn formatynyň çäklerinde Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň, Jeýhun Baýramowyň hem-de Mewlüt Çawuşoglunyň duşuşygy geçirildi.

Taraplar ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag-logistika ulgamlarynda, şeýle-de ýokary tehnologiýalar ugrunda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Diplomatlar öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň meseleleri, şol sanda Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegi ugrunda özara hereketleriň ýygjamlaşdyrylmagynyň zerurlygy dogrusynda pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri bu duşuşygyň taryhy ähmiýetini nygtamak bilen, hereketleriň bu guralynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine hemmetaraplaýyn itergi berýändigini belledi.

Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy doganlyk we dostlukly ýurtlaryň arasyndaky özaragatnaşyklaryň bu üçtaraplaýyn formatynyň tutuş sebitiň gülläp-ösüşine we durnuklylygyna ähmiýetli goşant goşýandygyny nygtady.

Öz gezeginde, Azerbaýjanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy sebit derejesinde energetika ulgamynda özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegine ýardam etjek Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň ähmiýetliligini we derwaýyslygyny aýratyn belläp geçdi.

Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň bäşinji üçtaraplaýyn duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.