TÜRKMENISTANYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewe Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň ýakymly arzuwlaryny ýetirdi.     

Gazak tarapynyň Türkmenistan bilen köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny geljekde hem giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi barada belläp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamyny, Türkmenistanyň tutuş halkyna bolsa parahatçylyk, özgeriş we gülläp ösüş ugrundaky iň gowy arzuwlaryny ýollady.