TÜRKMENISTANYŇ MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE YGRARLY

Şu gün, 2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn formatynda duşuşdy.

Taraplar Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine baha berdiler. 2020-nji ýylda amala aşyrylan bilelikdäki işleriň netijelerine garaldy, şeýle hem geljekki döwür üçin özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda kadalaşdyrylan we howpsuz zähmet migrasiýasy ýaly ugurlar boýunça ösdürmäge taýýardygy bellenildi.

“Adam söwdasynyň öňüni almak we bosgunlara goldaw bermek” hem-de “Tehniki hyzmatdaşlyk we serhetleri dolandyrmak” ýaly ugurlary gurşap alýan şu ýyl üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyna içgin garaldy. Türkmen tarapy bilelikdäki taslamalary sanly tehnologiýalary we kagyzsyz amallary ulanmak arkaly işläp taýýarlamaga bolan gyzyklanmasyny ýene-de tassyklady.

Şeýle-de, taraplar adatdan daşary ýagdaýlara aýratyn üns bermek bilen hyzmatdaşlygy hem-de Heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça Sendaý çarçuwaly maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli derejede alyp barýan işleri barada aýdyldy. Şeýle-de döwletiň howpsuz, kadalaşdyrylan we hukukly migrasiýa boýunça Ählumumy şertnamadan gelip çykýan borçnamalarynyň ýerine ýetirilşi boýunça işleri bellenip geçildi.