RSS

SOŇKY HABARLAR

29 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi

2024-nji ýylyň 28-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany kabul etdi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň salamyny we arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu...

DOWAMY
29 Mar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 28-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň salamyny ýetirip, goňşy ýurduň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary...

DOWAMY
28 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 27-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewi kabul etdi. K.Omuraliýew Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasynyň onda synçy döwlet derejesine eýe bolan ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet...

DOWAMY
28 Mar

Eýranyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk hakynda

2024-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hoseýin Amir Abdollahýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýei bilen duşuşdy. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýokary we iň ýokary derejede duş...

DOWAMY
14 Mar

Ankara şäherindäki Türkmenistanyň Ilçihanasynda möhüm hökümet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan tegelek stol duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynda şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň we 22-nji fewralyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä Türki Dünýäsiniň Ýaşlar fondunyň ýolbaşçylary we wekilleri, talyp ýaşlar hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Tegelek stoluň gatnaşyjylar, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýi...

DOWAMY
20 Few

Türkmenistanda Meksikanyň Ilçisi akkreditirlendi

2024-nji ýylyň 19-njy fewralynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz gezeginde, ýurduň ýolbaşçysynyň adyndan hormatly Prezidentimi...

DOWAMY
19 Few

Türkmenistanyň DIM-nde Meksikanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hose Luis Martinez Ernandesden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak we DIM-ara geňeşmeleri geçi...

DOWAMY