RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Maý

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýa bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşdy

Şu gün, 2023-nji ýylyň 22-nji maýynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Byaşimowa iş sapary bilen Aşgabada gelen Gruziýanyň Parlamentiniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen Dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwili bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda duşuşyklary guramak tejribe...

DOWAMY
22 Maý

Kipr Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Moskwa şäheri) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kipros Ýorgallis bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. B.Mätiýew Kipr Respublikasynyň Ilçisini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we onuň işine türkmen tarapynyň degişli ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi. Gep...

DOWAMY
21 Maý

Türkmenistanyň başlangyjy bilen UNESCAP-yň Kararnamasy kabul edildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Bangkokda (Tailand) geçirilen 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu Komissiýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Türkmenistan bilen bilelikde bu halkara ähmiýetli kararnamanyň döredijileri hökmünde Azerbaýjan, Ermenistan...

DOWAMY
21 Maý

Burkina Faso, the Syrian Arab Republic and Uganda became members of the Group of Friends of Neutrality for Peace, Security and Sustainable Development

The Group of Friends of Neutrality for Peace, Security, and Sustainable Development is pleased to announce the approval of membership for three esteemed nations: Burkina Faso, the Syrian Arab Republic, and Uganda. This would reinforce the Group's commitment to fostering global peace, security, and sustainable development through the principles of neutrality. The Group of Friends of Neutrality for Peace, Security, and Sustainable Development is an informal international platform dedicated to a...

DOWAMY
20 Maý

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystanynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saud bilen bolan duşuşygynda sazlaşykly ösýän köptaraply hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.  Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda däl, eýsem, abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Gur...

DOWAMY
20 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-Hytaý” birinji sammitine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 20-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşdy. HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Hyta...

DOWAMY
19 Maý

Türkmenistanyň wekiliýeti «KazanForum 2023» forumyň çärelerine gatnaşýar

2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Tatarstanyň paýtagtynda «KazanForum 2023» halkara ykdysady forumyň ilkinji çäreleri öz işine başlady. Forumyň çäklerinde “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi barada” atly sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew çykyş etdi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň geografiki ýerleşişi bilen baglylykda, daşamala...

DOWAMY