SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGI BILEN ÖZARA HEREKETLERINI GIŇELTMÄGE YGRARLYDYR
2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary (UNHCR) Filipppo Grandi bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň oňyn we işjeň tejribesi bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, ynsanperwerlik ugry bu özara hereketleriň möhüm bölegini emele getirýändir. Türkm...
TÜRKMENISTANYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewe Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň ýakymly arzuwlaryny ýetirdi. Gaz...
2021-NJI HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNA BAGYŞLANAN «HAZAR DEŇZI SEBITINDE PANDEMIÝA DÖWRÜNDE ULAG WE SÖWDA GATNAŞYKLARYNYŇ DURNUKLYLYGY» TEMA BOÝUNÇA ÇÄRE GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 24-nji fewralynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag boýunça Komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de 2021-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan «Hazar deňzi sebitinde pandemiýa döwründe ulag we söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygy» tema boýunça onlaýn görnüşinde çäre geçirildi. Çä...
ANKARADA TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkiýäniň paýtagtynda Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe üçtaraplaýyn formatynyň çäklerinde Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň, Jeýhun Baýramowyň hem-de Mewlüt Çawuşoglunyň duşuşygy geçirildi. Taraplar ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag-logistika ulgamlarynda, şeýle-de ýokary tehnologiýalar ugrunda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Diplomatlar öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuş...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝET ANKARADA BIRNÄÇE DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Ankara şäherine iş sapary bilen gitdi. Şu gün, 23-nji fewralda saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi. Şol gün Ankarada Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÇEHIÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DEREJESINDE GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň we Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Wepa Hajiýewiň hem-de Martin Tlapanyň derejesinde onlaýn görnüşinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar özara gyzyklanma döredýän ulgamlaryň ählisi boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Taraplar parlament ugry boýunça hyzmatdaşlygyň derejesine hem seredip ge...
TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary as...