SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde, günüň ikinji ýarymynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. “Akorda” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystanyň Prezidenti mähirli garşylady. Wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Prezide...
Türkmenistanyň Prezidenti Astanada geçirilen Sebitleýin sammitde ekologiýa boýunça başlangyçlary beýan etdi
2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitine gatnaşdy. “EXPO” halkara sergiler merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Ýokary derejeli duşuşyga köp sanly döwlet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy. Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary “RES 2026 EX...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
Hormatly döwlet Baştutanlary! Hormatly sammite gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe Sebitleýin ekologiýa sammitini çagyrmak baradaky başlangyjy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Bu forum aýratyn möhüm waka bolup durýar. Ilkinji gezek biziň ýurtlarymyz tarapyndan iň ýokary döwlet derejesinde giňeldilen ekologiýa gün tertibi toplu...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Astananyň sammite gatnaşýan ýurtl...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň birinji mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň arasynda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdiniň tapylmagyna gönükdirildi. Özbegistan Respublikasynyň Pa...
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gysga duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan özara meýillerini ýene-de bir gezek tassykladylar.
Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlylygyny tassykladylar
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Antalýa şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow türk tarapyny Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) üstünlikli geçirilmegi hem-de onuň ýokary derejede guralmagy bilen gutlady. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň, şeýle...