Süleýman Demirel Uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çare geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň her künjeginde we daşary ýurtlarda 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly dabaraly çäreler geçirilýär. Gözbaşyny müňýyllyklardan alýan taryhyna we baý medeniýetine sarpa goýýan türkmen halky üçin bu ýylyň ähmiýeti örän uludyr.

2016-njy ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynyň gurnamagynda konsullyk çäginde ýerleşen Ysparta welaýatyndaky Süleýman Demirel Uniwersitetinde 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de ýetip gelýän Nowruz baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabara Baş konsullygyň diplomatlary, agzalan uniwersitetde ýokary bilim alýan türkmen, türk talyplary, uniwersitetiň prorektory Professor Doktor Nihat Aýýyldyzyň ýolbaşçylygynda dekanlar we mugallymlar gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde talyplarymyzyň ýerine ýetirmeginde Türkmenistan döwletimizi wasp edýän goşgular, aýdym-sazly çykyşlar we sahna oýunlary ýaýbaňlandyryldy. Dabaranyň dowamynda uniwersitetiň prorektoryna ynsana hormat goýmagy öwredýän, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýän, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýän “Paýhas çeşmesi” atly kitap sowgat edildi hem-de göreldeli okaýan talyplara Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy. Baýramçylyk dabarasy joşgunly el çarpmalar we türkmen talyplarynyň buýsançly “Arkadaga şöhrat” diýen şygarlary bilen tamamlandy.

Çäräniň ahyrynda talyp ýaşlarymyz üçin atalyk aladasyny edýän, türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesindäki hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň şertleri we mümkünçilikleri döredip beren Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagy, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyklar gazanmagy we Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi arzuw edildi.